TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

«Range Roveriň» 10 esse arzan nusgasy

Hytaýyň «Hanlong Auto» awtomobil kompaniýasy «Range Rover Sport» ulaglarynyň arzan görnüşini döretdi. «Hunkt Canticie» diýlip atlandyrylýan ulagyň hytaý dilindäki ady «Kuanşidir». Onuň bahasy «Range Roveriň» asyl nusgasyndan 10 esse arzan. Täze ulagyň suratyny hakyky «Range Roýer Sportdan» tapawutlandyrmak mümkin däl.

«Hakyky» we «göçürmek» awtoulaglar daşky görnüşi boýunça biri-birine çalymdaş bolsa-da, olaryň tapawutlanýan taraplary bar. Daşky görnüşdäki tapawutlar çyralarda we arka tarapdaky aýnalarda göze ilýär. Emma oňa «Range Roveriň» nyşanyny oturtsaň, görer göze tapawutlandyrmak juda kyn.

Hereketlendirijisi 2 litr bolan ulag 218 at güýjüne eýe. Hakyky «Range Rovere» bolsa 5 litr göwrümdäki 8 silindrli hereketlendiriji oturdylan. Hytaýda öndürilen nusganyň maksimal tizligi sagatda 185 kilometr. Hakyky «Range Roveriň» hereketlendirijisiniň kuwwatyndan, onuň tizligi barada özüňiz pikir edip görüň.

Nyrh meselesine gelsek, «Canticieni» 126 müň ýuana (takmynan, 18 müň dollara) satyn alyp bolýar. Ýöne hakyky «Range Roveriň» Hytaýdaky iň arzan modeliniň bahasy 1,22 million ýuan (170 müň dollar). Ýagny göçürmesinden 10 esse gymmat.

Related posts

Türkmenistan ile BAE arasında yenilenebilir enerji alanındaki ortaklık yeni bir aşamaya giriyor

Türkmenistan Devlet Başkanı, Tokayev’i seçimlerdeki zaferi ile tebrik etti

Ata Watan Eserleri

Amerikan iş heyetinin Aşkabat ziyaretinin tarihleri ​​açıklandı

Teswirle