TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

Nurmagomedowyň indiki garşydaşy Dastin Porýe

UFC-niň ýeňil agramdaky çempionlyk guşagynyň eýesi Habib Nurmagomedow nobatdaky tutluşygyny şu ýylyň 7-nji sentýabrynda Abu-Dabi şäherinde amerikaly Dastin Porýe bilen geçirer. Bu barada UFC-niň metbugat gullugy habar berýär.

Tutluşyk UFC-niň 242-nji ýaryşynyň çäklerinde geçiriler. Şeýlelikde, 30 ýaşly Habib Nurmagomedow şol gün çempionlyk guşagyny goramak üçin ikinji tutluşygyna çykar. Geçen ýylyň 6-njy oktýabrynda onuň irlandiýaly Konor Makgregor bilen bolan tutluşygy dawaly tamamlanypdy. Şeýle-de bolsa ol bu tutluşykda garşydaşyndan üstün çykypdy.

Ýeri gelende aýtsak, Habib Nurmagomedow çempionlyk guşagyny 2018-nji ýylyň 7-nji aprelinde amerikaly El Ýakwintanini ýeňip gazandy. Dagystanly pälwanyň karýerasynda häzir 27 tutluşyk bar. Ol şolaryň ählisinde garşydaşlaryndan üstün çykdy.

Habibiň bu gezekki garşydaşy, 31 ýaşly Porýe bolsa 31 tutluşyk geçirip, şolaryň 25-sinde ýeňiş gazandy. Şol sanda ol soňky 5 tutluşygynyň hiç birinde-de garşydaşlaryndan asgyn gelmedi.

Related posts

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Türkiye’yi ziyaret edecek

Türkmenistan ile BAE arasında yenilenebilir enerji alanındaki ortaklık yeni bir aşamaya giriyor

Türkmenistan Devlet Başkanı, Tokayev’i seçimlerdeki zaferi ile tebrik etti

Ata Watan Eserleri

Teswirle