TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

Kentaki howa menziline Muhammet Alynyň ady dakylar

Sport dünýäsinde «Ähli döwürleriň ussady» diýlip tanalýan, 2016-njy ýylda 74 ýaşynyň içinde aradan çykan, ady rowaýata öwrülen boksçy Muhammet Alynyň ady doglan ýerindäki howa menzilinde ebedileşdirilýär.

Amerika metbugatyna görä, Kentaka degişli bolan «Luiswil» ýerli howa menziliniň ýolbaşçylar düzüminiň maslahatynda bu howa menzilini geljekde «Luiswil Muhammet Aly halkara howa menzili» diýip üýtgetmek barada karar kabul edildi.

Ady rowaýata öwrülen boksçynyň aýaly Lonni Aly gelnen karar barada pikirini şeýle sözler bilen beýan etdi: «Aly, bütin dünýäniň ogly bolmagyna garamazdan, dogduk ýerini hiç haçan unutmady. Bu gün bolsa dogduk şäheri onuň adyny ebedileşdirip, bitiren işlerine serpaý ýapdy».

Howa menzili tarapyndan berlen beýanatda meşhur boksçynyňa adynyň dakylmagy bilen bagly işleriň bir ýyldan bäri dowam edip gelýändigi aýdylýar. Meseläniň gyzykly tarapy, bu taryhy karara Muhammet Alynyň doglan gününden bir gün öň gelindi. Eger meşhur boksçy ýaşap ýören bolsa, 77-nji doglan gününde bu kararyň şatlygyny başdan geçirerdi.

Related posts

Türkmenistan-Avusturya ortak komisyonu toplantısı yapıldı

Ata Watan Eserleri

İran Enerji Bakanı’nın Aşkabat’a ziyareti

Türkmenistan’ın transit potansiyeli çok büyük

Teswirle