TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

Guardiolanyň ornuna Rojers

Dünýä metbugatynda Angliýanyň «Mançester Siti» futbol toparynyň baş tälimçisi Pep Guardiolanyň gyşky transfer möwsüminde PSŽ-den Neýmary hem alyp, «Barselona» dolanjakdygy baradaky habarlar ýazylýar. Üstesine, tejribeli tälimçiniň «Mançester Sitidäki» işleri şu ýyl şowuna däl. Klub bolsa tälimçi bilen şertnamanyň ýatyrylan halatynda, onuň ornuna dalaşgäri hem tapyp goýdy.

«The Sun» neşiriniň ýazmagyna görä, häzir «Lestere» tälim berýän Brendan Rojers Hosep Guardiolanyň ornuny eýeläp biler. Ýöne «şäherlileriň» maksady bu transferi tomusda amala aşyrmak. Olar 46 ýaşly tälimçiniň «Lester» bilen gazanýan üstünliklerine gyzyklanma bildirdiler.

Maddy mümkinçilikleriň deň däldigine garamazdan, «Lester» bu möwsümde geçen ýylky çempiony ― «Mançester Sitini» hem yzda galdyryp, ýaryşyň ikinji basgançaagynda ymykly ýerleşdi.

Related posts

Türkmenistan, ilk akıllı şehir projesinin açılışına hazırlanıyor

Rusya Dışişleri Bakanlığı: Türkmenistan, Rusya’nın Orta Asya’daki stratejik ortağı

Türkmenistan-ABD: enerji ve yeşil enerji alanında işbirliği

Teswirle