TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNYA

Ýewropalylar köpräk restoranlarda iýmitlenýär

Ýewropalylaryň öz öýlerinde iýmitlenýänleriň sanynyň azalýandygy mälim edildi. Olaryň köplenç daşarda, ýagny restoranlarda garbanýandygy bellendi. Bu barada Ýewropanyň Statistika edarasy habar berýär.

Ýewropanyň Statistika edarasynyň maglumatyna görä, 2019-njy ýylda ýewropalylaryň öýüniň daşynda iýmitlenmek koeffisienti 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilenden 7 göterim ýokarlandy. Ýewropa Bileleşiginiň raýatlarynyň bu ugurdaky çykdajylary 602 milliard ýewro deň boldy.

Ýewropanyň Statistika edarasynyň habar bermegine görä, ýewropalylaryň restoranlarda we kafelerde edýän çykdajysy umumy çykdajylarynyň 6,5 göterimini tutýar.

Related posts

Halk Maslahatı Başkanı, Kore Cumhurbaşkanı ile enerji işbirliğini görüştü

Türkmenistan ile BAE arasındaki ticaret hacmi %296 arttı

Türkmenistan, Çin’den dizel lokomotifi satın aldı

Ata Watan Eserleri

Teswirle