TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

Eýnşteýniň üstünliginiň altyn syrlary

  • Eger kimde-kim hiç haçan ýalňyşlyk göýbermedik bolsa, onda ol hiç –haçan täze bir zat etmäge synanyşan däldir.
  • Bilim – bu mekdepde öwrenen zatlaryň ählijesi ýadyňdan çykandan soňra galýan zatdyr.
  • Men öz aňymda, edil suratkeş ýaly, islendik zady döredip bilýärin. Fantaziýa ukyby bilimden has wajypdyr! Sebäbi, bilimiň çägi bar, fantaziýa bolsa bütin dünýäni gaplaýandyr.
  • Döredijiligiň syry – bu seniň ylham çeşmesini gizlin saklap bilmek ukybyňdyr.
  • Adamyň gymmaty onuň edip biljek işi bilen däl-de, onuň berip biljek zady bilen kesgitlenýändir. Rowaçly adam boljak bolmaň, gymmatly adam boljak boluň.
  • Ýaşamagyň iki usuly bardyr: siz ýa-ha bu dünýäde täsinlik asla ýok diýip ýaşap bilersiňiz, ýa-da bu dünýäde hemme zat täsinlik diýip ýaşap bilersiňiz.
  • Haçan-da men özümi we öz pikir ediş usulymy öwrenenimde , men şeýle bir netijä gelýärin, ýagny meniň göz öňüne getirme ukybym maňa beýleki islendik ukyplarymdan has köp peýda getirdi.
  • Goýunlaryň içinde iň görnüklisi bolmak üçin, ilki bilen goýun bolmak wajypdyr.
  • Ilki bilen oýnuň düzgünlerini doly öwrenmek gerek. Ondan soňra hemme kişiden gowy oýnap başlabermeli.
  • Sorag bermegi togtatmazlyk örän wajypdyr. Bilesigelijilik adamzada tötänden berlen zat däldir.

         Toplan:  Gylyçmyrat Döwletow

         Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Related posts

Türkmenistan’dan Türkiye’ye deprem taziyesi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan firması cam temizleyici üretimine başladı

Arkadag şehri “yeşil” ve “akıllı” şehir sertifikalarıyla ödüllendirilecek

Teswirle