TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNYA

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalçylary belli

Tamamlanyp barýan hepdäniň sişenbe we çarşenbe günleri geçirilen altynjy tapgyryň duşuşyklary bilen Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyry tamamlandy. Şeýlelikde, Ýewropanyň birinji derejeli klublaýyn çempionatynda 1/8 finala çykan toparlar mälim boldy.

1/8 final duşuşyklary barada ünsüňizi çekmek isleýän esasy aýratynlygymyz oňa çykan toparlaryň ählisiniň Ýewropanyň öňdebaryjy bäş ligasyna wekilçilik edýän toparlar bolmagydyr. Bu netijeler olara näme üçin «TOP 5-lik»
diýilýänlidigini ýene bir gezek subut etdi.

Has takygy, çempionatyň soňky 16 toparynyň arasynda Angliýadan we Ispaniýadan dört, Italiýa bilen Germaniýadan üç, Fransiýadan bolsa iki topar bar. Eýsem, biz Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda haýsy toparlaryň duşuşyklaryna tomaşa ederis. Geliň, içgin tanyş bolalyň:

Angliýa: «Tottenhem», «Mançester Siti», «Liwerpul», «Çelsi»;

Ispaniýa: «Real», «Barselona», «Atletiko», «Walensiýa»;

Italiýa: «Ýuwentus», «Napoli», «Atalanta»;

Germaniýa: «Bawariýa»m «Borussiýa» (Dortmund), «Leýpsig».

Fransiýa: PSŽ, «Lion».

1/8 finalyň ilkinji duşuşyklary 2020-nji ýylyň fewral aýynda geçiriler.

 

Agageldi ITALMAZOW

Related posts

Halk Maslahatı Başkanı, Kore Cumhurbaşkanı ile enerji işbirliğini görüştü

Türkmenistan ile BAE arasındaki ticaret hacmi %296 arttı

Türkmenistan, Çin’den dizel lokomotifi satın aldı

Ata Watan Eserleri

Teswirle