TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
FAYDALI BİLGİLER

Çaganyň dogluşynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy

Çaganyň dogluşynyň fakty RÝNÝ edarasynda bellenilen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

Çaganyň dogluşynyň faktyny tassyklaýan şu aşakdaky resminamalardan biriniň bolmagy çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin esas bolup durýar:

1) çaganyň dogluşy hakynda, dogluşyň bolup geçen lukmançylyk edarasy tarapyndan berlen, bellenilen görnüşdäki resminama;

2) çaga doglanda lukmançylyk edarasyndan daşarda lukmançylyk kömegini beren işgäriň işleýän ýa-da çaganyň ejesiniň çaga doglandan soň ýüz tutan lukmançylyk edarasy tarapyndan berlen, çaganyň doglandygy hakynda resminama;

3) çaga lukmançylyk edarasyndan başga ýerde doglanda (lukmançylyk kömegi berilmedik) çaga doglan wagty ýanynda bolan adamyň arzasy.

Çaganyň doglan gününden bir aýdan gijä galman çaganyň doglan ýerindäki ýa-da onuň ata-enesiniň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasyna ýazmaça görnüşde arza berilýär.

On alty ýaşyna ýeten çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär.

Çeşme : minjust.gov.tm

Related posts

Türkmenistan vatandaşlarının adli sicil kaydı ile ilgili belge almak

Güvenli Bankacılık :Sosyal Mühendisliğe Karşı Güvende Kalın

Biletler Satışta: Hava ve Demir Yolu

Teswirle