TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

Başga saýýaralylar barmy?

Ýakynda Tehas şäherinde (ABŞ) «SpasceX» kompaniýasynyň Marsa uçurmaga niýetlenilýän täze älem gämisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda kompaniýanyň ýolbaşçysy, amerikaly milliarder Ilon Maskyň gaýry saýýaraly gelmişekler barada aýdanlary dünýä metbugatynda uly seslenme döretdi.

«Meniň pikirimçe biz ― adamlar älem giňişligindäki ýeke-täk akylly jandarlar. Eger gaýry saýýaralarda ýaşaýan akylly jandarlar bar hem bolsa, biz heniz olaryň yzyna gabat gelmedik. Men nähilidir bir alamat görýänçäm, bu gürrüňleriň myş-myşdan başga zat däldigine bolan ynanjymda galaryn».

Onuň aýtmagyna görä, Internet äleminde ýaýran «51-nji zolak» baradaky gürrüňler hem myş-myş. Dünýäniň hiç bir ýerinde harbylar tarapyndan goragda saklanylýan gelmişekler ýok.

Ilon Maskyň bu dabarada aýdan ýene bir maglumatyna ünsi çekmek gerek. Onuň we kärdeşleriniň hasaplamalaryna görä, Gün şöhleleriniň Ýeri ýok etmegi üçin ýene 100 million ýyl gerek. Şonuň üçin hem adamzat Mars we şuňa meňzeş saýýaralary öwrenmegi dowam etmeli.

Related posts

Türkmenistan ile İran konsolosluk, sınır ve gümrük konularını görüştü

Türkmenistan Türkiye’ye insani yardım ulaştırdı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Dışişleri Bakanı’ndan Türkiye’ye taziye telefonu

Teswirle