TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

Aýyň garaňkylyk tarapynda yşyk ýakyldy

Ýakynda Hytaýyň «Chang'e 4» atly älem gämisi Aýyň Ýer ýüzünden görünmeýän, astronomiýanyň dili bilen aýdylanda, «garaňky tarapynda» üstünlikli gonuşy amala aşyryp, tümlügi ilkinji gezek ýagtylyk bilen tanyşdyrdy. Hytaý ynançlaryna görä, Aý taňrysynyň adyny göterýän älem gämisi bu ýere sag-salamat baryp bilen ilkinji enjam boldy.

Bu iş «Chang'e 4»-iň Hytaýdaky älem stansiýalary bilen aragatnaşygyny üpjün edip durjak, Aýdan 80 müň kilometr belentlikde ýerleşdirilen «Magpie» hemra köprüsiniň kömegi bilen amala aşyryldy.

«Chang'e 4», aslynda, 12 ýyllyk zähmetiň miwesi. Hytaýly alymlar şunça ýyldan bäri Aýyň tümlük tarapynda üstünlikli gonmak üçin gözlegleri alyp barýarlar. Aý taňrysynyň adyny göterýän älem gämileriniň ilkinji üçüsi arzyly sepgide assa-ýuwaşdan ýakynlaşmaga ýardam berdiler. Dördünji synanşyk bolsa, şu habardan hem okaýşyňyz ýaly, üstünlikli tamamlandy.

Indiki gezek «Chang'e 5»-iňki. Şu ýylyň dekabr aýynda uçurylmagy meýilleşdirilýän gämi üstünlikli gonuşy amala aşyryp bilse, Aýyň bize görünmeýän ýerini 2 metr çemesi gazyp, topragyny Ýere getirer. Soňra bolsa ylym bu topragy öwrener.

Related posts

Türkmenistan Azerbaycan’ın İran Büyükelçiliğine yapılan saldırıyı kınadı

Türkmenistan ile Almanya sağlık alanında işbirliğini güçlendiriyor

Türkmenistan’da, türkmen gençlerinin uluslararası işbirliği stratejisi geliştirilecek

Teswirle