TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

Atlantik ummanyny çelekde ýüzüp geçdi

Gämi ummandaky heläkçilikde gark bolýar-da, baş gahryman bir çelege ýa-da agaç bölegine daýanyp, birnäçe gün tolkunlaryň arasynda ýüzýär ýörýär…

Bu sahna size daşary ýurt filmlerinden tanyşdyr. Ýakynda fransiýaly 72 ýaşly syýahatçy Jan-Jak Sawen bolsa, aslynda, çelekde ummany ýüzüp geçip boljakdygyny görkezdi. Bu barada «Frans Press» agentligi habar berýär.

Onuň ýüzüşi 2018-nji ýylyň dekabr aýynda Atlantik ummanynyň El-Ýerro adasyndan başlandy we 2019-njy ýylyň martynda Karib adalarynda tamamlandy. Bu ýüzüş üçin ol uzynlygy 3, diametri iki metr, agyrlygy 450 kilogram bolan çelekden peýdalandy.

«122 gün 9 sagat ýüzüp, merdiany kesip geçdim. Bu bolsa Karib deňzine gelendigimi aňladýardy. Şeýlelikde, maksadym amala aşdy» diýip, syýahatçy gürrüň berýär.

Related posts

Türkmenistan Afganistan’a insani yardımda bulundu

Türkmenistan ile TÜRKSOY işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Güney Kore parlamentolararası işbirliğini güçlendiriyor

Teswirle