GENEL

Üstünlige ýetmek özümize baglymy ýa-da…

Biz köplenç üstünlige tarap ymtylmazdan, onuň durmuşymyzy özgertmegine, biziň bilen bolmagyna garaşýarys. Ýöne bu dogrumy?! Elbetde, bu pikiriň hiç bir tarapdan dogry we biziň üçin peýdaly däldigini bilýäris. Onda näme üçin üstünligiň bizi taparyna garaşýarys. Sebäbi biz üstünligi köplenç “nesibe” sözi bilen çalyşýarys. “Nesibesinde ýok eken”, “Nesip däldir”, “Nesibesinde bolsa bolardy” ýaly jümleleri köp eşidýäris. Eşidýäris-de, kemçiliklerimizi bärden- gaýtmalarymyzy nesibäniň üstüne atýarys. Eger işimiz oňuna bolmadyk bolsa, diýmek onda hökman bir kemterlik bolaýmaly. Biz şol kemçiligi görsegem görmezlige salýarys, ýa-da, ýatdan çykaryp, nesibeden görýäris. Beýle diýdigimiz, nesibäniň üstünlik bilen hiç hili baglanyşygy ýok diýmek däl. Aslynda, üstünlige eltýän ýollaryň arasynda nesibä uly orun degişli. Nesibe üstünlige eltýän ýoluň ahyrky nokady. Oňa ýetmek üçin şol ýoly geçmek gerek. Üstünligiň ýanymyza gelerine garaşmagymyz däl-de, özümiziň onuň ýanyna barmagymyz zerur. Haçan-da, çeken zähmetiň, eden yhlasyň üstünlige ýarasa, ol nobaty nesibä geçirýär. Nesibe-de üstünlik bilen ylalaşyp, ahyrky maksadyňa ýetirýär. Bir işe başlamazdan öň, ahyrky maksadyň aýdyň bolanda, oňa barýan ýollardaky bökdençliklerem aradan aýrylýar. Şonuň üçin il arasynda “Yhlasa — myrat”, “Çekseň zähmet, ýagar rehnet”, “Işlemedik — dişlemez”, “Bir okana bar, bir dokana”… ýaly nakyllar döräpdir.

Üstünlige eltýän ýollar köpdürli. Şol ýollar hakynda her kimiň öz şahsy garaýşy bar. “Köpe geňeş, öz bileniňi et” diýilýär. Üstünlige öýkünip däl-de, öwrenip ýetmeli. Käte öwrenendirin öýdýäris. Hakykat-da welin, öwrenen zadymyza öýkünýäris.

Aşakda üstünlige eltýän ýollar hakyndaky düşünjämizi siziň bilen tymsallary mysal getirmek arkaly paýlaşmagy makul bildik. Bu tymsallar öýkünmegi däl-de öwrenmegi öwreder diýip umyt edýäris.

“Näme berseň, şony alarsyň…”

Ataly-ogul tirkeşip, dag tokaýynyň içinden geçýän ýodajykdan ýöräp barýarkalar birdenkä oglanjyk büdräp ýykylýar, we sypjyrylan dyzynyň awusyna çydaman sesiniň ýetdiginden «Eý-wäääk» diýip gygyrýar. Şol pursat, garşydaky dag gerişleriniň hem öz sesini gaýtalanyny  eşidip, geň galýar. Bilesigelijilik bilen: «Sen kim?» diýip daga tarap seslenýär. Garşy tarapdan hem «Sen kim?» diýen jogaby alýar. Nätanyş sesiň zol öz diýenini gaýtalap durmagy, gaharyny getirýär: «Sen bir gorkak ekeniň» diýip  gaýalara seslenýär. Gaýalardan gelen ses, ýene onuň diýenlerini gaýtalaýar.

Oglanjyk ahyry, «Bu näme boldugy?» diýen manyda atasyna seredip, ondan dalda isleýär.

Atasy ýylgyryp: «Oglum, diňle we öwren!» diýip daga seredip: «Eý ezizler ezizi, mähribanlar mähribany» diýip gygyrýar. Geň galaýmaly, bu gezek hem garşydaky ses: «Eý ezizler ezizi, mähribanlar mähribany» diýip jogap berýär. Ata, ýene:  «Siz nähili gözel we ajaýyp» diýip gygyrýar. Dag gerişleri bu sesi hem gaýtalaýar.

Muňa örän geň galan oglanjyk, henizem hiç zada düşünmeýär. Köpi gören goja agtygynyň gerdenine mähremlik bilen elini goýup, bu täsinligiň manysyny düşündirýär:

— Ynsanlar muňa sesiň ýaňlanmak hadysasy diýýärler, oglum!

Emma aslyýetinde bu durmuşyň hut özüdir. Durmuşda hem hemişe näme berseň, gaýtargysyna şony alarsyň. Ynsanlaryň saňa garşy bolan hereketlerinde, seniň ynsanlara bolan garaýşyňy görüp bilersiň. Has köp söýülmek isleseň, ilki özüň ynsanlary söýmegi başar. Mähir görmek isleseň, ilki özüň mähir paýlamagy başar — diýýär.

  Biz gojanyň sözleri bilen ylalaşýarys. Hakykatdan-da, islendik zada eltýän ýoluň başlangyjy özümizden gaýdýar. Üstünlik gazanmak hem oňa tarap ädilen ädime bagly. Ädimlerimize ynamymyz, yhlasymyz uly bolanda, üstünlige barha ýakynlaşarys. Aşakda getirjek indiki tymsalymyz hem ädimler bilen baglanyşykly. Onda maksadyňa ýetmegiň hereketiňe baglylygy hakynda aýdylýar.      

“Ýöreýşiňe bagly…”                                          

Günleriň birinde köpi gören bir daýhan melleginde işläp ýörkä, ýoldan geçip barýan bir ýolagçy ondan ilerdäki oba näçeräk wagtda baryp boljagyny sorapdyr.

Daýhan, sowaly eşitmeýän ýaly, işini dowam edipdir. Ýolagçy bende, soragyny ýene bir gezek gaýtalapdyr, emma ýene-de jogap alyp bilmänsoň: «Ters- ýoňka birine sataşdym öýdýän» — diýip, ýoluny dowam edipdir. Ep-esli ýöränden soň, daýhan yzyndan gygyryp, ony ýanyna çagyrypdyr we: «Ogul?! Ol oba üç sagatda bararsyň» – diýipdir.

Ýolagçy ýigit: «Beh-eý goja, bilýän bolsaň, näme üçin munça ýöretdiň, owal aýdaýmal-a?» diýip, gaharlanypdyr.

Daýhan, parahatlygyny ýitirmän, jogabynyň hikmetini soňundan aýdypdyr:

«Men seniň nähili ýöreýändigiňi görmän, ol ýere näçe sagatda barjakdygyňy nireden bileýin, ol seniň ýöreýşiňe bagly, ogul!” diýipdir.

  Bu tymsalda netijäniň nähili boljakdygyny hereketiň ýagdaýyna baglydygy, şoňa görä çözgüt tapylýandygy hakynda aýdylýar. Oba tarap ädimleri ýygjamladyp, iki sagatda, belki, ondan-da az wagtda barmagyň mümkindir. Islendik zatda-da nähili hereket etsek, ahyrky netijesi şoňa görä bolar.

 “Pikiri çalyşmaýarlar…”

Bir danadan sorapdyrlar:

—Dünýäde iň gowy görýän adamyň kim?

—Meniň tikinçim

—Ol nähili beýle? Daş töweregiňizde näçe sany ýakynyňyz bar, olar näme?

—Sebäbi ol her sapar baranymda, soraman bedenimiň ölçeglerini alýar. «Geçen gün gelipdiň, şol ölçege görä tikibereýin» diýenok. Beýleki adamlar bolsa men hakda bir karar berýär we ömrüniň soňuna çenli meni şeýle tanaýar. Hijem pikiri çalyşmaýarlar… — diýipdir.

Biz köplenç bir işe başlanymyzda şowsuz bolsa, basym göwnümiz sowaýar. Ýene synanyşmaga başdaky ýaly höwesimiz bolmaýar. Bu şeýle boldugyça-da 99%-lik zähmetiň güýji peselmek bilen bolýar. Netijede, üstünlige barýan ýolumyzy ýitirýäris. Ýa-da biri köplenç şowsuzlyga uçraýan bolsa, oňa bolan ynamymyz gaçýar. Onuň geljekde üstünlik gazanyp biljekdigi hakynda pikir etmeýäris. Ol hemişe şowsuz, iş başarmaýan adam hökmünde göz öňümizde galýar. Bu pikiri üýtgetmek hem özümize bagly. Nädip, diýýäňizmi? Elbetde, üstünlige ýetmek ugrunda edýän yhlasymyz hakynda-da belli bir derejede pikir etmeli, şol bir wagtyň özünde-de, üstünlik gazanmagyň ýolunda öň goýberen säwliklerimizi düzetmäge çalyşmaly. Bir günden bir gün, üstünlik gazanyljakdygyna özümizi ynandyrmaly. Şonda indiki ädimlerimizi höwesli äderis. 

 “Oňatja barlaýarlar…”

Bir gün lukman hekimden soraýarlar:

—Danalygy kimden öwrendiň?

—Körlerden

—O nähili?

—Sebäbi olar ädimlerini atmazdan öň, öňüni oňatja barlaýarlar. Garyşma-garyş anyklap onsoň gadam basýarlar. Menem bir zat etjek bolsam oýlanýan, bilýän bolsam jogap berip, bilmesemem dymýan. Bilmedik zatlarymy gözläp anyklajak bolýan…

  “Ýedi ölçäp bir kes” diýlip, ýönelige aýdylmandyr. Bu nakyly göni manysynda alsaňam, göçme manysynda alsaňam bir iş etmezden ozal oňat pikirlenmegi ündeýär. Tymsalda-da aýdylyşy ýaly, üstünlige tarap ätleýän ädimiň soňky nokadynyň barjak ýeri hakynda, mergenleriň nyşana ok atyşynda gözi bilen çenäp görşi ýaly oňat oýlanmaly. Wagtyňy oýlanmak üçin gidereniňe gynanmaly däl. Mümkin giden wagtyň içinde ýoluňa böwet boljak kynçylyklar bardyr.

Ýene-de lukman hekimden sorapdyrlar?

— Hassamyza näme iýdirmeli?

Lukman hekim:

  • Ajy sözden başga hemme zat iýdirip bilersiňiz… — diýipdir.

  Hawa, “Tyg ýarasy biter, dil ýarasy bitmez” diýlişi ýaly, aýtjak sözüňi pikirlenip aýtsaň ýalňyşmarsyň. Geçen wagty, aýdylan sözi yzyna gaýtaryp bolmaýar. Şonuň üçinem hemişe birek-birege sylagly sözleri aýdalyň. Hemişe  daş-töweregiňdäkileriňi, ýakynlaryňy sylap ýaşasaň, üstünlik ýanymyzda bolar. Hiç wagt unutmalyň! Üstünlige eltýän zähmetiň miwesini ýakynlarymyz bilen paýlaşmagy.  

  

Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak