GENEL

Şowly ädim

Gözlerini bir nokada dikip oturyşyna mugallymlar ýygnagynda eden çykyşyny ýatlap çuňňur oýa batandygyny duýman galan Daýanç, ediljek her bir hereketi öňünden ýedi ölçäp bir kesmegiň zerurdygyny anyk bilýärdi. Onuň orta atan teklibi mekdep mugallymlarynyň ençemesini geňirgendiripdi. Ýokary okuw jaýyny tamamlap, öz ýaşaýan etrabyndaky obalaryň birinde ýerleşýän orta mekdebe mugallym bolup işe başlandygyna onçakly köp wagt geçmedik hem bolsa mekdebiň mugallymlaryny içgin bolmasa-da az-kem tanamaga mümkinçiligi bolupdy.

Bahar paslynyň ýakynlaşýan günleriniň birinde mekdepde mugallymlar ýygnagy geçirilipdi. Mekdep direktory ýygnagyň açykdygyny yglan edip, däp bolşy ýaly mekdebiň abraýly mugallymlarynyň biri Mamajan mugallyma çykyş etmek üçin söz beripdi. Ol indi 25 ýyldan gowrak wagt bäri bu mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işläp gelýärdi. Okuwçylar we mugallymlar ony ylymly, başarjaň we agras häsiýetli mugallym hökmünde tanaýardylar, oňa uly hormat goýýardylar. Galyberse-de oba adamlarynyň arasynda onuň abraýy örän uludy. Mamajan mugallym eden çykyşynda mekdebiň umumy ýagdaýy barada gysgaça gürrüň edip, çykyşynyň agramly bölegini ýokary synp okuwçylarynyň derslerine ýetişikleri we tertip-düzgünleri, ýaş mugallymlaryň olara görelde bolmaklary baradaky meselelere aýyrypdy. Bular dogrusynda onuň belläp geçen tankydy bellikleri, ony ünsli diňläp oturan Daýanç üçin özüne gönükdirilýän ýaly bolup görünýärdi. Sebäbi mekdep mugallymlarynyň arasynda soňky bäş ýyldan bäri Daýançdan başga täze işe başlan ýaş mugallym hem ýokdy, mugallymlaryň aglabasynyň iş tejribesi 10 ýyldan köpdi. Mamajan mugallymyň sözüniň dowamynda Daýanjyň ýolbaşçylyk edýän synpyndaky käbir okuwçylaryň derslere bolan ýetişikleriniň pesdigi barada belläp geçmegi onuň sabyr käsesiniň dolmagyna getirdi. Çünki şol synpda derslerine ýetişigi pes bolan birnäçe okuwçy bardy. Daýanç işe başlan gününden bäri şol okuwçylary beýleki okuwçylaryň hataryna goşmak üçin tagalla baryny edýärdi, ýöne Mamajan mugallymyň mundan habary ýokdy. Edýän tagallalarynyň ýakyn wagtlarda miwesini bermäge başlajakdygyna Daýanç jany-teni bilen ynanýardy.

Mugallym öz çykyşyny tamamlan dessine Daýanç elini galdyryp, çykyş etmek nobatynyň özüne berilmegini mekdep direktoryndan haýyş etdi. Mekdep direktory Daýanjyň yhlas bilen işleýändiginden habardardy we ýaş mugallymlaryň irginsiz hem-de höwesjeň häsiýetlerini tüýs ýürekden goldaýandyklaryny, geljekki nesilleriň hut şeýle häsiýetli ýaş mugallymlara baglydygyny mälim edip, çykyş etmek nobatyny Daýanç mugallyma berýändigini aýdypdy. Ol bolsa öz gezeginde işine ussat, baýry mugallymlar bilen bilelikde zähmet çekmegiň örän gyzykly we iş tejribesini kämilleşdirmek üçin özboluşly pursatdygyny mälim edip, işe başlan wagty ýolbaşçylyk edýän synpyndaky okuwçylaryň arasynda derslerine ýetişigi pes bolan käbir okuwçylaryň bardygyny, ýöne «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýilişi ýaly edilýän tagallalar netijesinde munuň günsaýyn gowulaşýandygyny anyk mysallar bilen düşündirmäge çalyşdy. Çykyşynyň ahyrynda Milli Nowruz baýramçylygyna bagyşlap mekdepde edebiýat agşamynyň geçirilmegini we bu edebi bäsleşikde iki sany synpyň okuwçylarynyň türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça ýaryşmagyny teklip etdi. Mugallymlar Daýanjyň teklibini şowhunly el çarpyşmalary bilen kabul etdiler. Haçan-da Daýanç ýaryşa gatnaşjak synplaryň özüniň we Mamajan mugallymyň ýolbaşçylyk edýän synpynyň bolmagyny iki synpyň biriniň özüniň ýolbaşçylyk edýän synplarynyň bolmagyny teklip eden wagty ähli mugallymlar aňk-taňk boldular. Çünki 25 ýyllyk iş tejribeli mugallymyň iş tejribesi bary-ýogy alty aý bolan mugallymdan üstün geljekdigi mese-mälim görnüp duran hakykat ýalydy. Mamajan mugallym bu teklibi göwnüýetmezçilik bilen kabul etdi. Çünki bu teklibi kabul etmezlik onuň ömürboýy çemçeläp ýygnanynyň çanaklap dökülmegine sebäp boljakdy. Ol içindäki duýgulary ýüze çykarmajak bolup, agraslyk bilen çyna berimsiz ýylgyryp gürleýärdi. Emma onuň başdan geçirýän duýgularyny Daýanç aňýardy.

Ýygnakdan soňra Daýanç eden teklibi sebäpli özüni puşman bolýan ýaly duýupdy. Kärdeşleri aňmaz ýaly özüni örän asuda alyp barmaga çalyşypdy. Söz agyzdan çykdy, uly-ile masgara bolmajak bolsaň köpçüligiň öňünde eden teklibiň yzynda durmaly bolarsyň – diýip, Daýanç içini gepledýärdi. Şol günden soň Daýanç, «Giden getirer, oturan nyrh sorar» diýen nakyla eýerip, oýa batyp oturmagyň hajatynyň ýokdugy sebäpli uly hyjuw bilen işe girişdi. Edebiýat agşamynyň geçiriljek wagtyna çenli heniz birneme wagt bardy.

Daýanç işe başlan günlerinden başlap ýolbaşçylyk edýän synpyndaky okuwçylaryň okuwa bolan gatnaşyklaryny doly gazanmak üçin irginsiz alada edipdi. Gysga wagtyň içinde ýadawsyz çekilen bu zähmet ýerine düşmäge başlapdy. Indiki nobat okuwçylarda derslere bolan ymtylyş döretmekdi. Dilimizdäki manydaş we garşydaş sözlerden düzülen dürli görnüşli tapmaçalary geçilýän mowzuklar bilen utgaşdyryp, okuwçylarda bilesigelijilik duýgularyny oýarmak we özüne çekiji rowaýatdyr-hekaýalary taryhyň edebi şahsyýetleri bilen baglanyşdyryp, okuwçylaryň derslere bolan höweslerini artdyrmak ýaly mugallymçylyk ýörelgeleri üstünlige tarap barýan Daýanja itergi berýärdi. Goşmaça dersler gurnamak arkaly öz okuwçylaryny berk taýýarlamaga diýseň yhlas edýärdi. Käwagt işden ýadap gelende heniz oglanka kakasynyň başdan geçiren bir wakasy ýadyna düşýärdi we bu wakany hiç ýadyndan çykaryp bilmeýärdi. Bir gün obada hasyl toýunda baýraklar bellenip, pälwanlar göreş tutupdyrlar. Uly pälwanlar üçin aýratyn baýrak, kiçi ýaşlylar üçin bolsa gymmatbaha köýnek goýulypdyr. Daýanjyň kakasynyň şol döwürde kiçi ýaşly oglandygyna garamazdan gymmatbaha köýnegi almak üçin nähili erjellik bilen göreşendigi göz öňünde janlanýardy. Kakasynyň şol köýnegi almaga bolan islegi oňa ýeňiji bolmaga itergi beripdir. Gerek deregi ýykar – diýipdirler. Islegiň güýçli bolsa ýetilmejek sepgidiň ýokdugyna ýürekden ynanýan Daýanja kakasynyň başdan geçiren bu wakasy ruhy taýdan goldaw we tükeniksiz ylham berýärdi.

Türkmen edebiýatynyň eserlerini talyplyk ýyllarynda ürç edip okan Daýanjyň kalbynda ene diliniň taryhyna bolan çäksiz söýgi bardy. Bu söýgi onuň ruhuny elmydama belende galdyrmaga, durmuşda şowly ädimleri ätmäge hemişe goldaw berýärdi. Mahmyt Kaşgarynyň «Türki dilleriň diwany» atly kitabynda görkezilen dünýä kartasynda «Jabarka» ady bilen Ýaponiýanyň ilkinji gezek dünýä kartasynda görkezilmegi, ýene-de şol kitapda oglanjyklaryň gurşuny eredip, togalak görnüşe getirmegi we daşyna geçiniň çöpürini ýa-da goýunyň ýüňüni dolap, iki tarap bolup depişip oýnalýan oýuny «Tepük» diýip atlandyrmaklarynyň häzirki zaman futbol oýnuny ýadyňa salýandygy Daýanjyň öz halkynyň we ene diliniň geçmişine bolan söýgüsini has hem artdyrýardy. Şeýle buýsançly wakalar Daýanjy täze-täze ýeňişleri gazanmaga ruhlandyrýardy.

Ine, ahyrsoňy garaşylan gün hem gelip ýetdi. Daýanç okuwçylary bilen edebiýat agşamyna gatnaşmaga, has takygy baýry mugallym Mamajan mugallymyň okuwçylary bilen ýaryşmaga geldiler. Edebiýat agşamynda türkmen dili we edebiýaty barada dürli görnüşli soraglar, oýunlar, tapmaçalar, goşgular we sahna oýunlary bardy. Mamajan mugallymyň okuwçylary ýaryşda üstün çykmak üçin yhlas bilen çykyş etdiler. Ýöne olaryň jogaplary diňe ýönekeý kesgitlemelerden ybarat bolup, mowzuklara beren düşündirişlerinde söz baýlyklarynyň çäklidigi, wakalar beýan edilende ýa-da sahnalar ýerine ýetirilende özüne çekijilik derejesiniň pesligi emin agzalary tarapyndan bellenip geçildi. Emma Daýanjyň okuwçylarynyň başarjaňlyklary, wakalary çeper dil arkaly yzygiderli beýan edişleri, manydaş we garşydaş sözleri ussatlyk bilen ulanyşlary we söz baýlyklarynyň çuňňurlygy emin agzalarynyň öwgüsine mynasyp boldy. Netijede Daýanjyň okuwçylary ýeňiji yglan edildi we çekilen irginsiz zähmet ýerine düşdi. Mamajan mugallymyň ýüzünde emin agzalarynyň çykaran netijesine närazylyk duýgulary bardy emma ol mugallymçylyk ýörelgelerine laýyklykda öz syryny bildirmezlige çalyşdy. Daýanjy we onuň okuwçylaryny gazanan üstünlikleri bilen gutlady. Daýanç bolsa mugallymçylyk kärinde ilkinji ädiminiň şowly ädim bolandygy üçin ähli kärdeşlerine we okuwçylaryna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Tirkiş MÄLIKGULYÝEW

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak