GENEL

Kämil ynsan sypaty

Geçen asyryň ellinji ýyllarynda arap ýarymadasyndaky çuň gum gatlaklarynda gazuw-agtaryş işleri geçirilip ol ýerde bir enaýy we kiçijik heýkel tapylýar. Ol heýkel düýe guşuň we keýigiň daşdan ýasalan sudury bolup, bu heýkeliň aşagynda arap dilinde “Kämil ynsan sypaty” diýlen ýazgy çeperçilik bilen ýerine ýetirilipdir. Eýsem kämil ynsan sypaty diýen düşünjäniň düýe guş we keýik bilen deňeşdirilmesiniň syrly manysy nämedekä? Oňa bilermen alymlar şeýle düşündiriş berýärler. Keýik älemiň janly tebigatynyň ýüzlerçe müň haýwanlarynyň arasynda ýylyň islendik paslynda, paslyň islendik gününde tutulanda demi elmydama hoşamaý ysly bolup bilýän ýeke-täk jandardyr. Keýige mahsus bolan şeýle tämiz ysly demiň bu jandaryň içiniň arassalygyndan habar berýär. Bu bolsa ynsanyň içki dünýäsiniň päk we kämil bolmagyna  yşarat edýär. Eger-de guşlaryň arasynda düýe guşuň asmanda uçup bilmek ukyby bolan bolsa, onda bu guş uçup bilýän ganatly jandarlaryň arasynda men iň ulusy diýip hondan bärsi bolmak häsiýetiň ýüze çykmaklygy bolmaz ýaly oňa kiçijik ganat berlen. Bu ýerde düýe guş pespällik häsiýetinden habar berýär. Ynha şol tapylan heýkeliň syrly manysy, kämil ynsan häsiýetiniň şol ynsanyň ruhy dünýäniň päkligi we ynsanyň pespällik häsiýeti bilen sypatlandyrylýar.

Geliň şu ýerde, adamyň ruhy dünýäsiniň päkligi onuň tebigatynyň kämilligi bilen nähili arabaglanyşygynyň bardygy hakynda kelam agyz durup geçeliň. Diňe ruhy tämiz adam öz kemçiligini görüp bilýändir. Bu diýmek bir dana alymyň: “Ynsanyň kämilligi onuň özüniň kämil däldigini bilýändigi bilen häsiýetlendirilýär” diýen parasatly sözlerini ýatlasak ýerlikli bolar. Indi bolsa başga bir alymyň pespällik häsiýet hakynda aýdan bir pikiri bilen tanyşalyň. Ol alym: “Pespällik häsiýeti ynsany bir ýapyk gapa getirýär ol gapyň aňrysynda bolsa, ynsanyň ýaramaz gylyk häsiýeti bardyr” diýip öz dana pikirini ýaňladýar. Diýmek, öz kemçiligiňi görüp bilmek adamyň içki dünýäsiniň päkliginden, pespällik bolsa şol kemçiligiňe barýan ýoly görkezip bilýän kämil ynsan sypatydygyndan habar berýär. Şeýle edim-gylykly adama  üstünlik hemra bolup bilýär. Emma üstünligiň pes gylyk – häsiýetli adama hem mahsus bolup bilýändigini durmuş aýdyň görkezýär. Ýöne, pes gylyk – häsiýetli adamyň üstünligiň synagyndan geçip bilmän, şol durmuş üstünligi onuň pespällik häsiýetinden gaýry bolmagyna eltýär.  Bu ýagdaýa bolsa durmuşda köp duş gelmek bolýar. Sebäbi biz köp ýerde agyr, külpetli ýollaryň iň soňunda gowulyklara tarap alyp barýandygyna düşünmeýäris-de, ýeňil ýöne, şonuň nähili ýagdaýda gutarjagy bilinmeýän ýoly saýlanymyz gowy görýäris.

Çöl beýawanda, okuwçylary bilen ýol söküp barýan dana alym, bir uly gum depesiniň üstünde äpet zemzeni görüp: “Goý ylym öwrenýänler şu jandaryň häsiýetini eýersinler,” diýip ýoluny dowam edýär. Muny eşiden şägirtler, agşam ot başynda öz halypalaryndan bu sözüň manysyny sorapdyrlar. Dana, çalaja ýylgyryp: “Balalam, tebigatyň her bir hadysasy, onuň jandarlarynyň häsiýetleri aňlaýanlar üçin parasatlylygyň alamatydyr. Hälki ýolda gören zemzenimiz, öňünden çykan päsgelçilikden çekinip yzyna ýöremeýän ýeke-täk çöl jandarydyr. Bu jandar päsgelçiligi ýeňip, oňaýsyzlykdan aýlanyp, geçip bilmeýän päsgelçilikden bolsa, asuda yzyna öwrülip, ýoluny dowam edip biler. Emma bu jandarda, howsalalygyň pidasyna düşüp, aýaklaryny yzyna ädip gaçmak häsiýeti ýokdur. Ylym öwrenmek ýodasyndaky siziň öňüňizde peýda boljak kynçylyklar ylym bilen bagly däldir, bu nogsanlyklar siziň aň-düşünjäňiziň, dünýägaraýşyňyzyň, edep medeniýetiňiziň synagydyr. Tutanýerlilik, irginsizlik we zähmetsöýüjilik häsiýetiňiz, şeýle kynçylygy ýeňip geçmeklikde siziň iň oňaýly hemraňyzdyr” diýip, parasatly goja ýanyp duran ody ölçerýär. Ynsan her bir maksadyna ýetmek üçin tutanýerli, irginsiz  zähmet çekse, päsgelçiliklere döz gelse, onuň saýlan ýoly şübhesiz üstünligiň hemrasy bolar.

Ýöne maksadyňa ýetmek üçin wajyp ýollaryň birisi sabyr-takatlyk we seniň saýlan ädimleriň il-güne haýyrly bolmagydyr. Halk içinde: “Eý ynsan, sen toprak ýaly sabyr takatly bol, suw ýaly haýyrly bol, şeýle häsiýetli bolsaň, il içinde ýel ýaly güýçli, ot ýaly gerekli bolarsyň” diýlen aýdyşyk bar. Şu ýerde bir akyldaryň: “Islendik üstünligiň girewi sabyrlykdyr” diýen sözüni ýatlasak ýerlikli bolar. Ynsanyň sabyrlylygy, onuň kämil tebigatyndan habar berýär. Sabyr-takatlylyk, nogsanlyga boýun bolup, onuň oňaýsyzlygyna razy bolmak däl-de, oý-pikir ýöredip, kalp asudalygyna daýanyp, ýedi ölçäp bir kesip, bu ýagdaýa döz gelmegiň ýollaryny agtarmakdyr. Topragyň üstünde mesgen tutan ägirt daglaryň agramyna, ygalyň çygyna, günüň howruna birjikde öz tebigatyny üýtgetmeýän ýer, elbetde ynsan üçin kanagatlylygyň nusgawy mysalydyr. Türkmen halky: “Suw bar ýerinde, jan bar” diýýär. Ynsan janynyň , onuň durmuş manysynyň iň wajyp ýörelgeleriniň biri hem, il gününe haýyrly bolmakdyr. Suw ýaşaýşyň dowamatyny üpjün edýän bolsa, onda ýaşaýşyň many-mazmunyny üpjün edýän ynsanyň jemgyýet bilen ynsanperwerlik gatnaşygydyr. Agzalan häsiýetleri eýerýän adam, ruhy kuwwatlyga eýedir. Şeýle ruhy kuwwatlyk, ynsanyň içki dünýäsiniň tämizliginden, wyždan arassalygyndan, ahlak beýikliginden habar berýär. Hut şunuň üçin hem,  tebigatda güýç diýen düşünjäni suratlandyrýan ýeliň, ynsanyň ruhy kuwwatlygyny aňlatmak halk danalygyndan nyşandyr. Sabyr-takatly, il-gününe haýyrly, ahlak sagdynlygy bilen ruhy kuwwata eýe bolan ynsan jemgyýetiň iň hormatly we arzyly agzasydyr. Ot adamy mylaýym howry bilen çoýýan bolsa, onda jemgyýetiň arzyly şahsyýeti, halkyna mähir çoguny siňdirýär.

Emma näme üçindir kä halatlarda ynsan öz ýeten üstünliginiň ruhy lezzetini bilmeýärkä? Sebäbi ol saýlan üstünligiň näme üçin gerekdigi barada sorag goýmady!!! Haçan-da ýetjek maksadym diňe meniň daşky dünýäm, ýagny maddy isleglerimi kanagatlandyrman, eýsem içki dünýämi, ýagny ruhy baýlygyna elten halatynda, onda üstünlige doly ýetdim diýip hasap edip bolar.  Çünki üstünlik – bu  wagtlaýyn ölçegdir, şonuň üçin hem ol adamy kämilleşdirmäge, terbiýelemäge itergi bermelidir.  Üstünlik artykmaç hukuk berýän däldir, eýsem bu ýagdaý biziň borjumyzy köpeldýän görkezijidir. Biz nähili üstünlik gazansak-da, ol biziň ruhumyzda pespällik duýgularyny özümizde saklamagyna sebäp bolmalydygyny ýatdan çykarmaly däldiris.

Ogulmaral SAPARGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak