GENEL

Dogry terbiýe üstünlige itergi

Biziň häzirki ýaşaýan döwrümiz ylym-bilimiň, tehnologiýalaryň ösen jemgyýetidir. Şol sebäpli-de, çaga terbiýesinde, çaga sowat öwredilmeginde her bir ata-enäniň çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriň mugallymlarynyň öňlerinde örän uly borç durýar. Çünki, bu adamlaryň ählisi kämil şahsyýetiň kemala gelmeginde, olaryň üstünlige eýe bolmagynda jogapkärçilik çekýärler. Aslynda çaganyň (okuwçynyň) hakyky mugallymy onuň ata-enesidir. Bu irki zamanlardan bäri anyklanan hakykatdyr. «Dünýäniň akyldary» diýlip atlandyrylýan Magtymguly-Pyragy hem özüniň ylymly-bilimli bolmagy üçin atasy Döwletmämmet Azadynyň hyzmatyny «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýip belläp geçýär.

Ata-eneler çagalara okuw-terbiýe berilýän guramalara nähili garasalar, çagalaryň hem oňa şeýle garajakdygy şübhesizdir. Şonuň üçin çagalaryň ukybyny ösdürmek işinde mugallymyň netije gazanmagy ýene-de ata-enäniň öz maşgalasynda görkezýän göreldesine baglydyr. Şol sebäpli-de ata-eneler şu ýagdaýlara dogry baha berip, çagalaryň sowatly bolmagynda mugallymlara ýardam bermelidir.

Elbetde durmuşda ýalňyşmaýan adam ýok. Hasam, çagalar köp ýalňyşýar. Sebäbi, olaryň heniz durmuş tejribesi az. Terbiýäniň ýa-da çaga dogry ýoly görkezmeziň düýp manysy, oňa ýalňyşyny düşündirmekden ybaratdyr. Mysal üçin çaga okuwa gijä galsa, öý işlerini berjaý etmese ýa-da okuwda özüni gödek alyp barsa, ata-ene çagalaryna bu işleriň netijesiniň sowatsyzlyga we şowsuzlyga eltjekdigini, üstünlige ýetmek üçin şeýle endiklerden ymykly ýüz döndermelidigini belli etmek arkaly mugallyma ýardam bermelidir. Çünki, terbiýä gezek geleninde mugallymdan ata-enäniň roly has uludyr. Mundan başga-da çaganyň öýe berilýän işlerini amal etmegine gözegçilik hem ata-enäniň üstüne ýüklenilýär. Elbetde çaga her edip-hesip edip mekdep tarapyndan öýe berilýän ýumuşlardan çaltrak dynmagyň aladasyny eder. Öý işlerine sähel göz aýlap, öýjükli telefonyň, kompýuteriň ýa-da telewizoryň öňüne çöksem diýer. Bu ýagdaýlar çaga-da eýýäm harsallyk, işine başdansowma garamak, ünssüzlik ýaly häsiýetleri emele getirip, haýsy-da bolsa bir waka giňişleýin we dogry düşünmek, çalt hem-de adalatly netije çykaryp bilmek endikleriniň ösmegini bökdeýär. Bular bolsa üstünlige ýetmek üçin böwet bolup biljek esasy görkezijilerdir. Eger-de, ata-ene çagasynyň her bir öý işiniň ünsli, doly we dogry ýerine ýetirmegini gazansa, çagada jogapkärçilik duýgusy hem ösýär. Şonuň üçin ata-ene çagasynyň öýe tabşyrylan ýumuşlary berjaý edip etmeýändigini asla gözden salmaly däldir.

Şeýle-de, her bir ata-enäniň çaganyň zehinini küteltjek zatlardan ägä bolmagy zerurdyr. Mysal üçin öýjükli telefonlar, telewizor ýaly enjamlar çagany köpçülige goşulmakdan, arassa howada beden maşklaryny ýerine ýetirmekden, iň esasysy hem kitap okamakdan alyp galýar. Eger ata-eneler öz çagasyny mümkingadar bu enjamlardan daşlaşdyryp bilseler, onda mugallymlara uly kömekleri bolar. Aýdylanlara «çagany tehnologiýa enjamlaryny ulanmakdan bütinleý gadagan etmeli» diýip düşünmeli däldir. Bu çäre belli bir çägi saklamak üçin gerekdir. Gürrüňi edilýän ugurdan geçirilen seljermelere ýüzlenilse, telewizora uzak wagtlap seredip oturmak, öýjükli telefonlara uzyn günläp gümra bolmak, zehini küteldiji oýunlary oýnamak maksada laýyk däldir. Ata-eneler şu zatlaryň deregine çagalaryny kitap okamaga, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmaga höweslendirseler, olary tehnologiýa enjamlarynyň owsaryndan halas edip bilerler.

Mundan başga-da çaganyň özüniň ata-enesinden görelde alýandygy-da hiç haçan unudylmaly däldir. Elbetde, her bir ata-ene işden soňra maşgalasy bilen bile naharlanyp, düşege geçmezden ozal birsalym kitap okasa, garaňky düşeninden soňra telewirozy öçürip, maşgalanyň ukusyny, dynjyny almagy üçin şert döretse, onda çaga hem şoňa endik eder.

Çagalarynyň üstünlikli adam bolup ýetişmekleri üçin ata-ene çagalary ýetginjek wagtlary olara aýratyn üns bermelidir. Psihologlar tarapyndan gelnen netijelere görä, bu döwürde çaganyň duýgy ulgamy işjeň herekete geçip, gormonlary üýtgeşme geçirýär. Şol sebäpli-de ata-eneler bu döwürde özlerini juda oýlanyşykly alyp barmalydyr. Çaga bilen diňe umumy maşgala gatnaşygy bilen çäklenmän, olar bilen ikiçäk gatnaşyklar hem ösdürilmelidir. Ata-ene tarapyndan çaganyň ynamy gazanylmalydyr. Hossarlary çagany doly diňläp, oňa düşünjek bolmalydyrlar we duýgudaşlyk bildirmelidirder. Birek-birege sazlaşykly hormat goýmagy ýola goýmalydyrlar. Ata-eneler diňe öz çagalary bilen däl-de, eýsem beýleki maşgala agzalary we daş-töwerekdäki adamlar bilen hem söýgi, hormat gatnaşyklaryny ugrukdyrmalydyrlar. Şeýle-de eden işini boýun almagy, ýalňyşyny kabul etmegi öwretmelidirler. Bu çagada ýalan gürlemezlik häsiýetini ösdürer.

Ata-eneler boldugyndan çaga bolan ynamlaryny görkezmäge çalyşmaly. Bu bolsa çaganyň gelejege bolan umydyny artdyrýar.

Elbetde ata-ene çagasyny goramak üçin, ösüp barýan çaganyň her bir işini inçelik bilen gözegçilikde saklap, onuň tebigatyna laýyk gelýän özbaşdak amala aşyrmaly işlerine böwet bolsa, onda çaganyň nalajedeýin bolup ýetişmegine getirer. Mysal üçin ata-ene çagasyna: «ylgama-derlärsin, ýadarsyň, bökme ýykylarsyň, köçä çykma azaşarsyň» diýip dursa, bu sözler çaganyň gulagynda ýaňlanyp adatylaşýar. Netijede şeýle terbiýelenen çagalaryň emelsiz we bihepbe bolup ýetişmekleri ähtimaldyr. Ölçegsiz söýgi bilen gurşalyp alnan we yzygiderli duýduryşlar bilen ulalan çagalaryň gorkaga, ürkege öwrülmegi mümkindir. Olar özbaşyna galan halatlarynda iňňän ýönekeýje zatlary hem amal edip bilmeýärler. Dükandan iýjek çöregini getirmek beýlede dursun, daşary köçä çykmaga-da ýaýdanar durarlar.

Çagalara zamun çemeleşmek, onuň ýerine ýetiren işlerine göwni ýetmezçilik etmek hem çaganyň ýelýürek, gorkak bolmagyna getirýär. Şeýle şertlerde terbiýelenen çaganyň zehini her näçe daş ýarýan bolsa-da onuň hem üstünlige barýan ýolunda böwetligiň bolmaly gynandyryjy hakykatdyr.

Agzalanlar çagany ulalanynda üstünlige atarjak ýa-da onuň üstünligine böwet bolup biljek käbir ýagdaýlardyr. Elbetde çaga terbiýesinde bulardan başga-da her bir maşgalada ýaşaýyş-durmuş şertlerine görä şahsy çemeleşmeler zerurdyr.

Handurdy HANDURDYÝEW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Konstitusiýa hukugy kafedrasynyň mugallymy

 

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak