TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

Aragatnaşyk — döwrebap ösüş ýolunda

27-28-nji noýabrda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde geçirilen Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynda ýeten belent sepgitlerini giňden açyp görkezmäge, daşary ýurtly hünärmenler bilen pikir alyşmaga, şeýle-de ylmyň soňky gazanan tehnologiýalary bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berdi. Bu halkara foruma 90-dan gowrak tehnologiýa hyzmatlaryny işläp taýýarlaýjy we önüm öndüriji, aragatnaşyk we programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary gatnaşdylar. Olaryň arasynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalarynyň bazarynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýän «Nokia», «Thales Alenia Space», «HUAWEI», «Samsung», «Sony», «Apple», «Cisco», «DHL» ýaly kompaniýalaryň bolmagy ýurdumyzda häzirki zaman ylmyň we ösen tehnologiýanyň täze gazananlaryny ornaşdyrmakda amala aşyrylýan işleriň täze derejelere çykýandygyny görkezdi. Biz hem foruma gatnaşan türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň işewürleriniň käbiri bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara Žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolanymyzda bu iri möçberdäki çäräniň özlerinde  galdyran täsirleri, şeýle-de alyp barýan işleri dogrusynda şeýle gürrüň berdiler:

 

Sýao Lun,

Hytaý Halk Respublikasynyň

«Huawei Technologies» kompaniýasynyň söwda menejeri:

  — Aragatnaşyk ulgamy, telekommunikasiýa tehnologiýalary ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Türkmenistanda bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigine iri göwrümli halkara forumyň üsti bilen ýene bir ýola göz ýetirdik.  Sergide telekommunikasiýa, telemetriýa, ölçeg enjamlary, wideokonferens aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmat operatorlary, ýörite tehnikalar, logistika we beýleki bölümlerde işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyk. Bu ýerde daşary ýurtly kärdeşlerimiz bilen pikir alyşmaga, tejribämizi paýlaşmaga mümkinçilik döredi.

   Bilşiňiz ýaly, biziň kompaniýamyz dünýäde öňdebaryjy tehnologiýalary, ýagny öýjükli telefonlaryň dürli görnüşlerini öndürýär. 1987-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýamyz geçen taryhy döwürde telearagatnaşyk ulgamynda öňegidişlikleri gazandy. Kompaniýamyzyň eksport mümkinçilikleri ýyl-ýyldan artýar. Häzirki wagtda 170-den gowrak döwlete önümlerimizi eksport edýäris. Şeýle-de kompaniýamyzda 194000 müň adam zähmet çekýär. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyz barada aýdanymyzda bolsa, 16 ýyl bäri «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasy bilen bilelikde telearagatnaşyk ulgamy babatda netijeli işleri alyp barýarys.

  Munuň netijesinde bu ulgamda 3G, 4G, ýakyn geljekde bolsa 5G ulgamlary bilen birlikde ykjam aragatnaşygyň esasy görnüşleri bilen doly we ähli ýerde üpjün etmek derejesine çykýar. Halkara sergisine gatnaşanlar täze önümlerimiz bolan P30, P30 Pro mate 20X telefonlarymyza uly gyzyklanma bildirdiler. Kompaniýamyz Türkmenistanda geçirilýän halkara sergilerine 2003-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýär.     

   «Türkmentel — 2019» atly XII atly halkara sergisi we ylmy maslahaty aragatnaşyk ulgamynda türkmen we daşary ýurt işewürleriniň arasynda özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir we tejribe alyşmaga, hyzmatdaşlygyň hem-de maýa goýumlarynyň görnüşlerini kesgitlemäge ýardam berdi. Şeýle ajaýyp sergä gatnaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine sagbolsun aýdýarys.

 

Hakan Kul

Çalık Digital kompaniýasynyň direktory:

  — Biziň kompaniýamyz Türkmenistanda geçirilýän «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisine we ylmy maslahatyna ilkinji gezek gatnaşýar. Şu ýylyň awgust aýynda Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdyk. Türkmenistanda şeýle iri möçberli forumlaryň ýygy-ýygydan geçirilmegi senagatyň we ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň täze derejelere çykýandygynyň subutnamasydyr. Aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, daşary ýurtly hünärmenleri bir ýere jemläp, olaryň pikir alyşmalaryna mümkinçilik döreden sergide kompaniýamyzyň senagat pudagy üçin niýetleýän programmalaryny hödürledik. Biziň programmalarymyz esasan saglygy goraýyş, energetika, dokma senagaty ulgamlarynyň dürli ugurlaryna we döwlet gulluklaryna niýetlenilýär.

    Türkmenistanyň we Türkiýäniň  arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde kompaniýamyz programmalaryň täze görnüşlerini, şeýle-de IT meýdançasyny döretmek we hyzmatlarymyzyň hilini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Forumyň çäklerinde geçirilen ylmy maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda aragatnaşyk toplumlarynyň möhüm ugurlarynyň ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi, programmalaýyn önümleriň bazary, sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly meseleler boýunça pikir alşylmagy biziň kompaniýamyzyň hem öňünde täze wezipeleri goýdy. Geljek ýylda hem şu ugurdaky sergiňize gatnaşmak isleýäris.

Türkmenistanda myhmançylykda bolmak biziň üçin uly bagt. Bizi hemme ýerde güler ýüz bilen garşy aldylar. Halkara sergä gatnaşmaga we Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine sagbolsun aýdýarys.  

Nury Hydyrow,

«Täze energiýa» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:

— Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek ýurdumyzy durmuş-ykdyysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýokary hilli tehnologiýalar we täze işläp düzmeler ulgama yzygiderli ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen ýola goýýan syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze derejelere çykýandygyna şu gün öz işini tamamlan forum arkaly hem göz ýetirdik.

  Sergide telearagatnaşyk ulgamynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmaga degişli ugurlar hem beýanyny tapdy. Biz halkara sergisine gatnaşyjylary kärhanymyzyň Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürmekde alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşdyrdyk. 2015-nji ýylda döredilen kärhanamyz häzirki wagtda ýurdumyzyň Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň obalarynda Gün energiýasyndan elektrik energiýasyny almakda netijeli işleri alyp barýar. Biz işimizde Italiýanyň «Ecoprogetti» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk saklaýarys.

    Nesip bolsa geljekde hem işlerimiziň gerimini giňeltmegi maksat edinýäris. Ýurdumyzda şeýle iri möçberli halkara forumyny geçirmekde taýsyz tagallalary edýän, ata Watanymyzyň aragatnaşyk ulgamynyň maddy-tehniki enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

 

Related posts

Türkmenistan ile BAE arasında yenilenebilir enerji alanındaki ortaklık yeni bir aşamaya giriyor

Türkmenistan Devlet Başkanı, Tokayev’i seçimlerdeki zaferi ile tebrik etti

Ata Watan Eserleri

Amerikan iş heyetinin Aşkabat ziyaretinin tarihleri ​​açıklandı

Teswirle