TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

30 metr çuňlukdaky ekinzarlyk

London şäherinde Ikinji jahan urşundan galan ýerasty giňişlik gidroponik ekinzarlyga öwrülipdir. Ýeriň aşagynda öndürilen miweleriň bazarda hyrydary hem kän.

Bu ekinzarlygyň aýratynlygy önümleri ýetişdirmek üçin topragyň ulanylmaýanlygydyr. Bu ýerde topragyň ornuny tutýan gidroponik gurluşlaryň kömegi bilen bol hasyl alyp bolýar. Ýeri gelende aýtsak, bu täsin ekinzarlyk ýeriň 30 metr çuňlugynda ýerleşýär.

Öz döwründe 8 müň adama pena bolan bu ýerasty giňişlik işewürler Stiw Dring we Riçard Ballard tarapyndan ekerançylyk ýerine öwrülipdir. «Growing Underground» (Ýerasty önümçilik) atly taslama bir million ýewro çykdajydan soňra häzirki görnüşine gelipdir.

Häzir bu ýerde pomidor, burç, ysmanak, brokolinin ýaly gök we bakja ekinleri ýetişdirilýär. Ösümlikleriň ýagtylyk, energiýa zerurlygy LED çyralary bilen üpjün edilýär.

Related posts

Türkmenistan, ilk akıllı şehir projesinin açılışına hazırlanıyor

Rusya Dışişleri Bakanlığı: Türkmenistan, Rusya’nın Orta Asya’daki stratejik ortağı

Türkmenistan-ABD: enerji ve yeşil enerji alanında işbirliği

Teswirle