TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Toýda

Hekaýa

Men ony ilkinji gezek on bäş-on alty ýaşly ýetginjek mahalym gördüm. Görşüm ýalam aşyk boldum. Tutaşdym, lowladym, ýandym, bihuş bolup söýdüm. Onuň görkli synasy, ýalkym atýan husny jemaly, ýuka gabaklary, okarasynda mähir çaýkanyp ýatan gara gözleri,  pökgerip duran dodaklary, ter ýaňaklary, ak alkymy… ýüregimiň pynhan ýerinde öň görlüp-eşidilmedik bir süýjülik döretdi-de, entirekläp ýören akylsyz bendiwana döndüm.

Ol iki-üç aýlykda goňşy obalaryň birinden biziň obamyza, iki köçe gaýramyzda ýaşaýan Hekim agalara gelin bolup düşüpdi. Nesibe ony Hekim aganyň ýük ulagyny sürýän ogly Tagana ömürdeş etmek üçin getiren ekeni. Ýogsa, Tagan kim, o kim?! Tagan bilen onuň bir ýassygy paýlaşyp, bir öýden örlemegini-hä däl, ikisiniň bir köçeden ýöremegini hem näler islämok welin, elimden geljek zat ýok.

Şonda-da söýdüm. Birbada ýaşyryn söýdüm. Hekim agalaryň şo çaka çenli bardygy-ýokdugy meň üçin des-deň bolan köne tamy mukaddes bir öýe öwrüldi. Ol öýi zynatlap ýören uz ýaşmakly, bars bilek gelin bolsa oglan höwesimdäki ham-hyýallaryň, arzuw-islegleriň çür başyna çykdy. Şoň üçin olaryň öýleriniň töwereginde kän gaýmalap başladym. Ähli oý-pikirlerim bilen gapylan garaklarymy olaryň gapysynda amanat goýdum. Girse-çyksa, bärsine bakdyryp, ünsüni çekmek üçin, iň bolmanda golaýdan synlamak üçin pelesaň urdum, heläk boldum.

Bir gezek mellekleriniň aýagujundan geçýän akar ýapdan suw aljak bolup durka tasdan-da baryp: “Getir bedräňi, suw daşap bereýin” diýipdim. Başarmadym. Sussum basylyp, bognum ysmady.

Başga bir gün gapylarynda pete-pet gabat gelende bogazymy arçap, özüme zor salyp, salam berdim. Ýaşmagynyň astyndan baş atyp, salamymy alyp-almanka:

– Hekim aga barmyka? – diýip soradym. Şonda:

– Hekim agaňy nädersiň? – diýip, arkamdan bir ses eşidildi. Görsem, iki ädim golaýymda egrelip, iki elini arkasyna tutup, ýaşulyň özi ýüzüme jiňkerilip dur. Amanat mülke giren gündiz ogrusy ýaly şagga der basdy. Aljyrap, salamy-beýlekinem unudyp:

– Hekim aga, Tagan ýokmy? – diýip soradym.

Hekim aga meniň kimiň ogludygymy tanajak bolup, boýdan-başa synlansoň:

– Tagan-a işde – diýdi.

Men gus-gury bolan dodagymy ýalap, içeri ýumlugyp barýan gelniň kamatyndan  gözümi aýryp bilmän:

– Haçan gelerkä? – diýip, soradym.

– Gün ýerine girmän, Tagan gelmez.

– Hä, bor. Giçlik geläýerin – diýip, o ýerden tizräk öwüsmek bilen boldum.

– Tagany nädersiň, haw? Eýgilikmi özi? Bir zat sorajakmydyň? A biz bar-a, ine. Aýdyber näme habaryň bolsa. Kimiň ogly sen? – diýip, ýaşuly yzymdan gygyryp galdy.

Birki günden Tagan gabat gelip:

– Meni sorap gaýdypsyň-la, how? Keýpinemi? – diýdi.

– Kim? Men seni sorapdyrynmy? Ýok-la, how. Başga biridir. Men näme üçin soraýyn? – diýip, haňk-huňk etdim, derrew onuň gözüniň öňünden üýtgedim.

Öýleriniň töwereginde Hekim aga bilen Taganyň gözüne kän ilibersem, eýgiligiň üstünden eltmejekdigini huşum göçenem bolsa, bilipjik durdum. Şonda-da maý tapdygym, toý eşiklerimi geýerdim-de, erkimiň jylawyny islegimiň boýnuna orap, şolaryň töwereginde köwejekläbererdim. Her gün bir sebäbi bahana edinip, goňşularyňka barardym. Güýmenip, dümtünip, her edip, hesip edip, gögele aklymy aparan şo gelniň nazaryna iljek bolardym. Nazaryna ilerdimem. Ýöne onuň maňa biparhlygyna, ugrunda oda-köze düşüp ýörşümi aňmaýşyna kejigerdim. Kejikdigimsaýy utanjyň serhedini, uýadyň çägini unudýardym.

Bir günem olaryň mellegaralaryndaky tuduň şapbat ýaly ýapraklaryny tänderip, tüýdüşdirip, sary-sadylla yranyp durkam ahmal galyp, Hekim aga üstümi basdyrdym.

– Sen, inim, şu töwerekde bir zadyňy ýitirdiňmi ýa meň göwnümemi? – diýip, ol meni burça gabady.

– Göwnüňedir, Hekim aga. Men-ä Ilmyrada garaşyp durdum. Olam geler ýerde gelmedi. Menem ýaman gyssanmaç. Gitmeli – diýdim-de, öňküsinden has agralan gussamy arkama alyp, ýegşerilip, öýümize gaýtdym. Şondan soň gündizlerine şo töwerekde kän görünmedim.

Gijelerine welin, ot gorsaýardym. Irgözinden ýorgangala urduryp girerdim-de, uzak gijeler oglan başymy tükeniksiz hesrete goýan gelniň zaryny çekerdim. Ýaşymyň ondan ep-esli kiçidigine, onuň dokuz-on ýyl ir dünýä inendigine, ýa-da özümiň şonça ýyl giç doglanyma ahmyr edip, tä göm-gök bolup, ganjarýança aşaky dodagymy dişläp, ah urardym. Üssesine-de Taganyň şo gelniň gyzgyn gujagyna girip, ak gollaryny ýassanyp, sapasyny görýändigi ýadyma düşende tisginip, iki egnimden demimi alybererdim. Ne ölüp bilýärdim, ne-de aýňalyp. Hyýalymda Tagan bilen dikleşip, dünýäde tenha özüme mynasyp saýan bagtymy onuň elinden alardym, bagryma basardym. Tä hyýalym düýşe ýazýança söýerdim, ezizlärdim. Düýşleriň bolsa durmuşdaky ýaly serenjamçysy ýok. Düýşler – biserhet! Düýşde nämeler bolmaýar?

A ol bolsa şo mahallar gün-günden gözilginç bolup barýan düwünçegi goýnunda göterip ýören ekeni. Ilkinji perzendini dünýä getirmek üçin buýsanç hem utanç gatyşykly duýgulara başyny berip ýören ekeni. Elbetde, bu bolaýmaly zatlar. Tagan atly ýapy ýaly pyýada ýanyndan örüp ýörse, täze gelniň ýakyn wagtda eline bäbek aljakdygy düşnükli. Galanam maňlaý işidir. Men onuň topugyna gan degirmän, köňlüni gama basdyryp, gujagy boş gezmegini asla islämokdym. Oňa hakymam ýok. O zatlar meniň islegime bagly hem däldi.

Nähili bolanda-da, şondan soň gözümiň öňünde barha ýognap, gabaryp barýan gelne bolan yşgym bilniksiz sowap ugrady. Onuň keseki biriniň halalydygyny, bir ojagyň oduna tutaşdyrlyk bolmak üçin gelendigini, il deňinde köpelip, köl bolmalydygyny boýnuma aldym-da, sessiz gyra çekildim. Başymda tupan turuzyp, ýüregimiň bir ýerinde süýjümtik yza goýan o-ojagaz duýgulary bolsa geldi-geçer hasapladym, başbermez arzuwlarymy häki bir haýu-höwes saýdym, olary ýetginjekligiň ýelginine ýerden aýagyny üzen boş bolsadylar diýip güman etdim. Şeýdip, öňküje asuda oglanlygyma dolandym.

Soň ýyllar geçdi. Mekdebi gutaryp, şähere gitdim. Uly okuwlaryň birine girdim, hünär aldym. Şäherde galyp, işe ýerleşdim. Öýlendim. Aýratyn öý-ojak boldum. Perzende ýüzüm düşdi. Durmuş meni bagt hakdaky aýdymy bilen hüwdüläp ugrady.

Ine, onsoň bir sähetli gün özümden kiçi inimi öýermeli bolduk. Maşgalamyz bolup, oba toýa gitdik. Toýçulyk bir gowy zat. Gelnalyjy gelende şatlyk-şowhundan demim tutulyp, huşum göçdi, el çarpyp, tans oýnadym. Kimdir biriniň topar çagany yzyna düşürip, dünýäni unudyp, pul seçip ýörenini gördüm-de, menem pully kisäme el urdum. Işikdäki sekiniň üstüne çykyp, hümer berýän toýçularyň üstünden pul seçip ugradym. Ine, şu ýerde-de:

– Aýuw, ýüwürji-i! Gyý-ýuww! Bärigem seç-ä! – diýen ses eşidildi. Seredip görsem, ters tarapymda goltugy çagaly, etli-ganly, lopbuş aýal elini serip, aldygyna gygyrýar. Ýüz-gözleri çyrşajyk, iki sany basdaş, tokarja gyzjagaz bolsa onuň eteginden aslyşyp maňa seredip dur. Men on ýyl mundan ozal oglan dünýämi odukdyran Taganyň gelnini şobada tanadym. Gözünden tanadym. Onuň diňe gözi üýtgemän galypdyr. Onuň ozalky kaddy-kamatyndan, tezliginden, sarçlygyndan nyşan galmandyr. Terligini, näzikligini ýitiripdir. Ýüzi gaýzygypdyr. Maňlaýyna, ýaňagyna ýygyrt düşüpdir. Ak alkymy goşa bolupdyr, solupdyr, sallanypdyr. Bilekleri has-da ýognap, gerdenleri ýazylypdyr, ýarsypdyr. Döşüniň aýtymy giňäpdir. Galbaň göwüsleri aşak düşüpdir. Birmahalky göze gelüwli, çepiksi bedeni suwly tuluma dönüpdir…

– Biz tarapa-da seç-ä, ýüwürji-i!

Şu ýerde men özümi nä pelek uranyna düşünmän, düşünjegem bolman, nirede duranymy, näme edýänimi, näme üçin şeýdýänimi büs-bütinleý unudyp, bir zatlary samyrdap, alňasap, bar pulumy onuň üstünden paýyrdadyp seçmäge başladym.

 

Kakamyrat Ataýew,

Mary şäheriniň ýaşaýjysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle