TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Toý bir minut dowam etdi

Koronowirus pandemiýasy sebäpli çäklendirmeler her hili ýagdaýlara sebäp boldy. Ýakynda dünýä metbugatynda peýda bolan habarlarda hytaýly polisiýa işgäriniň bir minutlyk toý tutandygy barada ýazyldy.

Taryhda iň gysga toýlaryň biri Hytaýyň Hebeý welaýatynda tutuldy. Jübütler resmi ýagdaý-da är-aýal diýlip yglan edilenden soň polisiýa işgäri ýene işine dolandy. Taryha giren bu toý üçin günortanlyk arakesmeden 1 minut ýeterlik boldy.

Polisiýa işgäriniň ýurtdaky çäklendirmelere belent hormat goýmagy onuň kärdeşlerinde, bu habary okan okyjylarda hem uly täsir döretdi. Maşgala mukaddesligini hem bir gyradan goýmadyk polisiýa işgärine çar tarapdan goldaw ýagdy.    

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle