TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

 Towuk bilen bişirilen badamjan

Gerekli önümler:

4 sany orta boýda badamjan

1 bitin towuk

3 nahar çemçesi ýag

2 nahar çemçesi mesge

2 sany sogan

3 sany ajy burç

4 sany pomidor

1 çaý çemçesi duz

1 çaý çemçesi gara burç

1 nahar çemçesi pomidor goýaltmasy

Üstüne ýerleşdirmek üçin :

4 sany ajy burç

Sousy üçin:

1 nahar çemçesi pomidor goýaltmasy

300 ml gaýnag suw

1 çaý çemçesi duz

Badamjanlary gyzartmak üçin 2 bulgur ýag

Taýýarlanyşy:

Ilki bilen badamjanlary gyzartmak üçin, iki bulgur ýag bilen gowurmaly. Towugy, sogan, burç we pomidorlary ownuk böleklere bölüň. Towuk etini gazana alyň. Suwuny çekýänçä gowurmaly, ýagyny goşuň, soňra sogan, burç goşuň we gowy garyşdyralyň. Pomidor pastasyny, ýakymly ysly zatlary we iň soňky pomidory goşuň we orta otda 5 minut bişirmeli. Bişirilen badamjanlary çeňňek bilen üstünden basyň we towuk etiniň böleklerini ýerleşdireliň. Soň üstüne ajy burçlarymyzy goýup, suwy üçin ingredientleri bir tabaga garmaly we tabanyň içine guýuň. Gyzdyrylan peçde 200 ° -da 30 minut bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsun!

Pasyllaryň reňkleri

Ýene-de okaň

Täze ýyl gijesi: awtobuslar 02:00, taksiler gije-gündiz hereket eder

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Teswirle