TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Towşan etiniň peýdalary

Towşan eti  ak görnüşine bölünýär. Sygyr etinden, göle etinden, guzydan, towuk etinden has peýdaly hasaplanýar we bedene 90% -den gowrak täsiri bar. Towşan eti gülgüne reňkli, ýumşak, dykyz, içki ýag bilen garyşmaýan inçe myşsa süýümlerinden durýar. Adamlar üçin 4-5 aýlyk towşanlaryň eti has peýdaly hasaplanýar. Diňe towşan etiniň peýdaly häsiýetleri däl, eýsem ýagy hem bar. Towşan ýagy köp keseli bejermek üçin, kosmetologiýada kosmetika üçin gipoallergen esas hökmünde, şeýle hem derman senagatynda giňden ulanylýar.

Towşan etiniň düzümi:

Towşan etinde aňsat siňdirilýän belok, ýaglar, minerallar we witaminler bar. Towşan belogynda ähli aminokislotalar bolup  ýag kislotalaryna baýdyr. Towşan etinde PP, C witaminleri, B topary (B6, B12), demir, fosfor, magniý, kaliý, marganes, kobalt we beýleki minerallar bar.

Towşan etiniň kaloriýasy:

100 gram Towşan etiniň kaloriýasy takmynan 180 kkal.

 Towşan etiniň peýdaly aýratynlyklary:

Towşan eti ýürek-damar ulgamyna peýdaly täsir edýär, gipertoniýanyň, aterosklerozyň we beýleki keselleriň öňüni alýar.

Towşan eti aşgazan-içege ulgamynyň işine oňyn täsir edýär, ony aşgazan ýarasy keseli, gastrit, içege keseli, aşgazan asty mäz, bagyr, böwrek we öt ýollary üçin berhizlere girizmek maslahat berilýär.

Allergiýa ýykgyn adamlar üçin peýdaly, etiň düzüminde beýleki görnüşlerine garanyňda az mukdarda allergen bar.

Towşanlaryň etinde iýmit bilen bedene girýän gerbisidleriň we  pestisidleriň bölünmegi netijesinde emele gelýän agyr metallaryň we strontium-90 duzlary ýygnanmaýar. Şonuň üçin hünärmenler radiasiýa derejesi ýokarlanan ýa-da himiýa terapiýasyndan geçýän ýerlerde towşan etini ulanmagy maslahat berýärler.

Towşan etini yzygiderli iýmek deriniň we gyjyndyrmalaryň ýagdaýyna peýdaly täsir edýär.

Hünärmenler towşan etini  agyr kesellerden soň we güýçli fiziki güýje sezewar bolanlaryň iýmitine goşmagy maslahat berýärler.

 

NAZAROWA MARAL,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň uly mugallymy

 

Içeri işler we Adalat ministrliklerinde onlaýn hyzmatlaryň sany köpelýär

 

 

Ýene-de okaň

Sport we ýaşlar

Türkmenistan iri halkara nebitgaz forumyna taýýarlanýar

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Teswirle