TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

«Tottenhem» Keýniň nyrhyny kesdi

«Tottenhemiň» hüjümçisi, ýakynda tamamlanan Ýewropa çempionatynda Angliýanyň milli ýygyndysy bilen finala çenli baryp ýeten Harri Keýn şu tomusdaky iň esasy transferleriň biri boljaga meňzeýär. Çünki Beýik Britaniýanyň metbugat sahypalarynda hüjümçi bilen bagly «Tottenhem» we «Mançester Sitiniň» arasyndaky arasyndaky gepleşikler barada habarlaryň uly toplumyny berýär.

Olaryň birinde ýazylyşy ýaly, «Tottenhem» hüjümçini 160 million funt sterlingden bäri satmakçy däl. Hut, şu ýagdaý hem «şäherlileri» oýlandyrýar. Olar Keýn üçin 100 million funt sterlingden köp tölemäge razy däl. Şeýle-de bolsa, olaryň wekilleri «Tottenhemiň» prezidenti Daniel Lewin bilen gepleşikleri geçirýärler.

Häzir Harri Keýn «Tottenhemde» bir möwsümde 400 müň ýewro alýar. Haýsy topara geçse hem ol bu hakdan galmak islänok.

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji rekordy

 

 

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýew rus futbolyna dolanmakçy

Katar-2022: Ronaldo we Neýmar ýaşyl meýdança çykýar

Katar-2022: Ispaniýadan 7:0-lyk uly hasaply ýeňiş

Teswirle