TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“Total” kompaniýasyndan Hazar deňziniň türkmen bölegine uly gyzyklanma

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurdumyzyň we «Total» fransuz kompaniýasynyň wekilleriniň onlaýn görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew,  «Тürkmengaz» we «Тürkmennebit» Döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki pudaklaryň wekilleri wekilçilik etdiler, fransuz tarapyndan gepleşiklere «Total» kompaniýasynyň gözleg we çykaryş boýunça wise-prezidenti Stefan Mişel gatnaşdy.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar netijeli we ygtybarly özarahereketleriň ösüşiniň oňyn depgine eýedigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Şeýle-de energetika we uglewodorod çig mallary ulgamynda Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy we bu ugurda daşary ýurtly maýadarlar üçin hem giň şertleri döredýän açyk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilýändigi hem aýratyn nygtalyp geçildi. Bu ugurda 2020-nji ýylyň fewral aýynda Dubaý şäherinde geljekki maýadarlary we dünýäniň energetika ulgamyndaky öňdebaryjy bilermenlerini özünde jemlän «ТOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisi» atly halkara maslahatynyň we «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara round-şounyň üstünlikli geçirilendigi hem bellenilip geçildi.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar şonuň ýaly-da Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz bloklarynyň özleşdirilmeginiň hem-de bu ugur boýunça geologiýa-geofiziki maglumatlaryň binýadynyň durmuşa geçirilmeginiň aýratynlyklaryna hem seredip geçdiler. Türkmenistanyň gazhimiýa pudagynyň ösdürilmegine we ýakyn geljekde bilelikde amala aşyrmak üçin niýetlenen gazy gaýtadan işleýiş taslamalaryna maýa goýumlaryň çekilmeginiň meselelerinede aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

«Sanly TIR» ulgamynyň ornaşdyrylyşy boýunça tejribe duşuşygy

Teswirle