DÜNÝÄ

Türkmen-özbek syýasy geňeşmeler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu syýasy geňeşmelerde iki ýurduň wekiliýetlerine Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, syýasy gatnaşyklary giňeltmek we amaly mazmun bilen doldurmak, şol sanda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki wagtda okgunly ösýän ugur bolan parlamentara gatnaşyklarynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu ugurda, giň gün tertibi boýunça giňişleýin köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin parlamentara alyş-çalyş we dostluk toparlarynyň arasyndaky gepleşiklerden doly peýdalanmagyň maksadalaýyklygy beýan edildi.

Abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäginde iki döwletiň arasynda köptaraplaýyn formatda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellendi. Bu nukdaýnazardan taraplar halkara platformalarynda başlangyçlary işjeň özara goldamagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Sebit derejesinde ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşugynyň ähmiýeti beýan edildi.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk pudagynda soňky ýyllarda söwdanyň ep-esli ýokarlanmagy kanagatlanma bilen bellendi. Şol bir wagtyň özünde serhetýaka söwda zolaklarynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak maksadalaýykdygy mälim edildi.

Şu ýylyň martynda Aşgabatda geçirilen türkmen-özbek hökümetara toparynyň 17-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilendigi bellenilip, şonda taraplaryň ulag-kommunikasiýalar, nebitgaz, himiýa, elektrik energetikasy, oba hojalygy we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygyny belläp geçendigi aýdyldy.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşiklerinde öňde boljak bilelikdäki çäreler we dürli derejedäki duşuşyklar barada hem pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda saparda boldular

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Aşgabatda Özbegistanyň we Eýranyň Prezidentileriniň duşuşygy boldy

Wladimir Putin bilen Masud Pezeşkianyň Aşgabatdaky duşuşygy

Pakistanyň we Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri