Baş sahypa HABARLAR DÜNÝÄ TOPH we TOP taslamalary awgustda ulanmaga berler

TOPH we TOP taslamalary awgustda ulanmaga berler

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz gecirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň türkmen bölegini şu ýylyň awgust aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu barada “orient.tm” internet neşiri habar berýär. Bu iri desgalar ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrylar.

Bu iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi geosyýasy derejede uly ähmiýete eýedir. Olara diňe gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylary däl, eýsem ýönekeý raýatlar we iň esasysy “Taliban” hereketi hem goldaw berýär. Geçen hepde Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan tarapyndan Owganystanda TOPH we TOP ýaly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine doly goldaw berýändiklerini mälim etdiler.

TOPH taslamasynyň türkmen böleginiň açylmagy bilen bir wagtda gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berler. TOP taslamasynyň türkmen bölegi işe girizilenden soň owgan elektrik geçiriji ulgamyna birikdiriler.

Bu taslamalaryň ilerledilmegi, gatnaşyjy ýurtlara durmuş-ykdysady taýdan oňyn täsirini ýetirer. Müňlerçe täze iş orunlaryny döretmek üçin mümkinçilikler açylar. Owganystan we Pakistan tebigy gazyň üstaşyr geçirilmeginden goşmaça girdeji alar we Hindistan senagat ösüşi üçin energiýa üpjün etmek üçin amatly bahadan tebigy gazdan peýdalanar.

Umuman, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dürli maksatly 30 sany uly desgany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Olardan bäşisi şu ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga berlipdi.

Okap bilersiňiz  “Redmi” kompaniýasynyñ örän uly telewizory satuwa çykarylar

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz düýn Kompýuterlerdäki “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.