TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY

TOPH taslamasy işjeňleşdirilýär

27-nji iýulda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmengaz» — döwlet konserniniň guramagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşyjy döwletleriň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirdi. Maslahata türkmen tarapyndan Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow we beýleki degişli ýolbaşçylar gatnaşdylar. Bu barada “Nebit-Gaz” elektron neşiri habar berýär.

Maslahatda gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegine dahylly guramaçylyk, maliýe we gurluşyk meselelerine garaldy. Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän koronawirus ýokanjy zerarly belli bir çäklendirmeleriň dörändigine garamazdan, taraplaryň onuň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändikleri aýratyn bellenildi, pandemiýa tamamlanandan soňra, taslamany has-da işjeňleşdirmegiň ýollary ara alyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda Owganystanyň, Hindistanyň we Pakistanyň wekilleri tarapyndan TOPH taslamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň hökümetiniň, ýangyç-energetika toplumynyň işine ýokary baha berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly we öňdengörüjilikli başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän şeýle ägirt uly taslamanyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýeti, sebitiň halklarynyň abadan, bagtyýar durmuşy üçin ýokary ähmiýeti guwanç bilen bellenildi.

TOPH halkara gazgeçirijisine gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň aýdyşy ýaly, onuň durmuşa geçirilmeginiň sebitde parahatçylygy üpjün etmekde hem ägirt uly ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin olar Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidentine, türkmen tarapyna bu taryhy tutumy durmuşa geçirmekde alyp barýan işleri üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy: Biletlerde ýene arzaladyş

Baş Redaktor

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasyna bolan hüjümi ýazgardy

Baş Redaktor

29-njy ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

“Rosgeologiýa” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

Ýaşlar forumy: möhüm kararlar kabul edildi, sylaglar gowşuryldy

Türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy

Russiýa Özbegistana gaz satyp başlar

Teswirle