BIZNES

TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlanar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Owgan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen telefon söhbetdeşliginiň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary babatda pikir alşyldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanlary halkara we sebit meseleleriniň ara alnyp maslahataşylmagy üçin döredilen mümkinçilige kanagatlandyrma bildirdiler.

Iki ýurduň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugru boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de optiki süýümli aragatnaşygyň, Akina-Andhoý demirýolunyň çekilmegi ýaly iri taslamalar döwletara gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň şaýadydyr.

Şeýlelikde, geljek ýylyň başynda halkara energetika magistraly bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygy başlanar.

Şeýle hem bu telefon söhbetdeşliginiň çäklerinde Akina-Andhoý demirýol taslamasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy bellenildi. Soňra onuň Aziýa-Ýuwaş ummany döwletlerine çykalgasy bolar.

Iki ýurduň Prezidentleri Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe arasynda gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde döredilen Lapis Lazuli ulag-üstaşry geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Munuň özi Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň Ýewropanyň döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer hem-de sebitiň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirer.

Döwlet Baştutanlary Owganystanyň Akina sebitinde täze gurlan metjidiň ýakyn wagtda ulanmaga beriljekdigini bellediler. Bu taslama türkmen tarapynyň hasabyna guruldy.

Iki ýurduň Prezidentleri 23-24-nji noýabrda Ženewada geçirilen Owganystan meseleleri boýunça ýokary derejedäki maslahat babatda hem pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn wagtda Owganystana lukmançylyk we derman serişdeleri, azyk we dokma önümleri hem-de hojalyk harytlaryndan ybarat ynsanperwer kömeginiň beriljekdigini hem belledi.

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH)  Gaz geçiriji taslamasynyň Hindistanyň Energiýa bazaryna täsiri baradaky wideo habarymyzy Size hödürleýäris. Siz bu Wideo habarymyzy şu ýere basyp biziň You Tube kanalymyzdan tomaşa edip bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň haryt dolanyşygy 44 milliard dollara deň boldy

Ata Watan Eserleri

USAID 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär