TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

TOPH gaz geçirijisiniň işine mart aýynda girişiler

Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasynyň Owganystandaky işlerini mart aýynda täzeden başlamak meýilleşdirilýär.

Bu gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de beýleki taslamalar boýunça Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi. Golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanda gepleşikler geçiren bolsa, 14-15-nji ýanwarda Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistanda gepleşikler geçirdi.

Owganystandaky “pajhwok.com” hem-de Russiýanyň “Interfaks” internet neşirleriniň habaryna görä, iki tarap TOPH gaz geçirijisi boýunça işleri täzeden dikeltmek işlerini mart aýynda başlamak babatda ylalaşandygy mälim edilýär.

– TOPH, TOP elektrik geçirijisi we demirýol ulgamyny giňeltmek işleri 2022-nji ýylyň mart aýynda başlar – diýlip, owgan tarapynyň belläp geçendigi aýdylýar. Bu barada Aşgabatdaky gepleşiklerde ylalaşyga barlandygy bellenilýär.

Şeýle hem Aşgabatdaky duşuşykda pandemiýasy sebäpli gelip bilmedik owgan talyplarynyň Türkmenistanda okuwlaryna dowam etmegi babatda hem gepleşikler geçirildi. Owgan talyplarynyň kem-kemden Türkmenistana gelip, okuwlaryny dowam etmäge mümkinçiligiň dörediljekdigi bellenildi.

Türkmenistanyň owgan talyplaryna nebitgaz, demirýol we beýleki tehniki ugurlarda bilim almaga şert döredýändigi mälim edilýär.

Türkmenistandaky dünýäniň iň iri gaz käni hasaplanýan “Galkynyş” gaz käninden gözbaş alyp gidýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana baryp ýeter. Taslamany ýakyn ýyllarda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

 

Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistanda gepleşikler geçirdi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar

Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Teswirle