TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Toparyny güýçlendirýär

Russiýanyň Premýer liga çempionatynda çykyş edýän “Spartak” futbol topary özüniň resmi saýtynda, “Çelsi” futbol toparynyň ýarymgoragçysy Wiktor Mozesi kärende esasynda alandygyny habar berýär. 29 ýaşly nigeriýaly ýarymgoragçynyň kärende möhleti, 2020/2021 möwsümiň ahyryna çenli dowam eder, şeýle-de bolsa “Spartak” futbol topary bu oýunçyny transfer hem edip biler.

“Mozes ýakyn wagtlarda toparyň düzümine goşular we toparymyzda özüni gowy tarapyndan görkezmegini arzuw edýäris” diýip, futbol topary belläp geçýär.

Mozes özüniň futbol karýerasyny 2007-nji ýylda “Kristal Pelas” toparynda başlaýar, soňra bolsa 2010-njy ýylda “Wigan Atletik” toparyna transfer edilýär. 2012-nji ýyldan bäri Mozes “Çelsi” toparynyň oýunçysy hasaplanylýar, emma kärende esasynda dürli toparlarda çykyş edýär, olardan: “Liwerpul” topary (2013-2014), “Stok Siti” (2014-2015), “West Hem Ýunaýted” (2015-2016), “Fenerbahçe” (2019), “Inter” (2020). Nigeriýa milli futbol ýygyndysynda Mozes 38 oýuna çykyp, 12 gezek tapawutlanmagy başardy.

Russiýanyň Premýer-liga çempionatynda “Spartak” futbol topary 21 utuk bilen ikinji orny eýeleýär.

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle