TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Toparyň iň gymmat futbolçysy

Häzirki wagtda dünýä belli futbol tälimçileriň biri Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň Pep Gwardiola toparyna täze oýunçylary transfer edýär we toparynyň düzümini güýçlendirmek barada öz pikirlerini ýöredýär. Bu gezek şäherliler “Benfika” toparynyň goragçysy bolan 23 ýaşly Ruben Diaşy topara transfer etdiler. Onuň şertnamasy 68 million ýewrodan ybarat boldy. Goragçy Ruben Diaş häzirki wagtda şäherleriň portugaliýaly oýunçysy bolan Rodriniň rekordyny geçmegi bilen “Mançester Siti” toparynyň taryhynda iň gymmat transfer edilen oýunçysy boldy. Şeýle hem Ruben Dia, öňki “Benfika” toparynda hem toparyň kapitany bolupdy we mundan ozal goragçy “Mançester Ýunaýted”, “Arsenal”, “Ýuwentus” toparlarynda çykyş edipdir. Şeýle hem bu şertnamanyň çäginde “Mançester Siti” toparynyň 32 ýaşly argentinaly goragçysy Nikolas Otamendi “Benfika” toparyna transfer edildi. Portugaliýaly topar goragçy üçin 15 million ýewro harçlar.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Dünýä çempionatyny rus teleýaýlymdan görmek bolar

Çempionlar ligasy: “Barselona” ýeňildi

Teswirle