BILIM

Tomusky dynç alyş möwsümi: 15 müň 70 çaga dynç aldy

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe talyp we okuwçy ýaşlar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medallary gazandylar. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara internet olimpiadalary, şeýle-de “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, “Ýylyň terbiýeçisi — 2022”, “Ýylyň mugallymy — 2022”, “Talyp gözeli — 2022” bäsleşikleri geçirildi.

Bilim işgärleri hünär derejesini ýokarlandyrdylar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň üç tapgyrynda 15 müň 70 çaga dynç aldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary dowam edýär.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, buýan köküni gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygyna girişildi.

Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly, Daşoguz şäherindäki köpugurly we onkologiýa hassahanalary dabaraly açyldy.

Hasabat döwründe türgenlerimiz dürli halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, jemi 87 medal gazandylar.

Ýene-de okaň

Amerikada bilim almak :Daşary ýurtly ylmy işgärler üçin esasy Fulbraýt maksatnamasy

Baş Redaktor

Ylmy makalalar sahypamyzy açýarys

Türkmenistan Gazagystandaky kitap festiwalyna gatnaşdy

Türkiýä daşary ýurtdan talyp kabul etmek synagy barada

Türkiýede bilim alan talyplar üçin wajyp maglumat

Baş Redaktor

Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänler köpelýär