TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“Tommy Hilfiger” markasynyň döreýiş taryhy

“Tommy Hilfiger” egin-eşik kompaniýasy  1985-nji ýylda ABŞ-da gurulýar. Bu kompaniýany döreden Tommy Hilfigerdir. Tommy Hilfiger egin-eşik firmasy önümleri bilen dünýä derejesinde hyzmat edýär.Öndürýän önümleriniň esasy böleginde çagalar üçin niýetlenen egin-eşikler, zenanlar üçin niýetlenen egin-eşikler, sport egin-eşikleri, dürli görnüşli aksesuarlar, sagat, atyr  ýaly önümler ýer alýar.

Tommy Hilfigeriň durmuşy: Ol 1951-nji ýylda Nýu Ýorkda dünýä inýär.  Ol 10 ýayndaka egin-eşik tikmek bilen meşgullanyp başlaýar. 18 ýaşyna ýetende egin-eşik satýan dükan açýar, ol hem az wagtdan soň käbir sebäplere görä ýapylýar.

Tommy öz markasyny döretmek isleýärdi. 1984-nji ýylda Mohan Murjani dizaýner gözläp, Tommä dizaýnerligi teklip etdi. Tommy ol teklibi kabul ediip, döredilen marka öz adyny berdi.

1986-njy ýylda berlen maglumatlarda ol” Amerikanyň iň uly dizaýneri  men bolaryn we Ralph Lauren , Kelwin Kleini egin-eşik öndürmekde menden yzda galar” diýip belleýär.

1994-nji ýylda öndürýän önümleri boýunça iň köp haryt satan marka boldy.

2009-njy ýylda “Tommy Hilfiger” markasy  meşhur egin-eşik öndüriji Philips  wan Heusene satyldy.

Arktikadaky iň gadymy buzluklaryň birinde ýaryk peýda boldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan täze multimodal ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär

“Forbes”: Ilon Mask birinjiligini ýitirdi

Türkiýe: Türkmenistandaky üçtaraplaýyn sammit energiýa geçelgesi üçin möhüm

Teswirle