Tokio oýunlarynyň täze düzgünnamasy

Halkara Olimpiýa komiteti, Halkara Paralimpiýa komiteti we Tokio Olimpiýa oýunlaryny guramak komiteti ýetip gelýän Olimpiýa oýunlarynda özüňi alyp barmagyň ilkinji düzgünnamasyny çap etdi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar ýörite telefon programma arkaly, saglyk guramalaryna saglyk ýagdaýy barada habar bermeli bolarlar. Şeýle hem türgenler ýakyn aragatnaşykda boljak adamlaryň sanawyny bermeli bolarlar. Olimpiýa şäherçesiniň ýaşaýjylary üçin fiziki aragatnaşyk çäklendirmesi giriziler, ýagny türgenler we tälimçiler 2 metr aralygy saklamaly bolarlar.

Şeýle hem türgenlere ilkinji 14 günde ýaryşlara tomaşaçy hökmünde gatnaşmak, garbanyşhana we syýahatçylyk ýerlerine baryp görmek gadagan ediler. Türgenler gelmezden ozal “COVID-19” ýokanjyna garşy lukmançylyk netijenamasynyň synag netijesini tabşyrmaly bolarlar we koronawirus üçin yzygiderli synag edilip durlar. Türgenlere özleriniň bolýan otaglarynda her 30 minutdan ýeljiredip durmagy saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan maslahat berilýär. Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak janköýerlere bolsa gygyrmak, türgeni gaty ses arkaly goldamak gadagan ediler. Onuň deregine tomaşaçylar el çarpyp bilerler. Olimpiýa oýunlarynyň 2021-nji ýylyň 23-nji iýuly we 8-nji awgusty aralygy geçirilmegine garaşylýar.

Okap bilersiňiz  Nisan’da 3 Uluslararası Spor Yarışı Gerçekleştirilecek