23-nji iýulda badalga alan XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlandy. Olimpiýa oýunlary – diňe bir gollar, utuklar we sekuntlar däl, eýsem her bir gazanylan netijäniň aňyrsynda ajaýyp bir taryh ýatyr.
Tokiodaky Olimpiýa oýunlary koronariwus ýokanjyna garamazdan, bir ýyl yza süýşürilip ahyr-soňy geçirildi. Bu gezekki Olimpiýa oýunlarynyň janköýersiz geçirilmegi, tribunadaky janköýerleri, sport muşdaklarynyň ajaýyp duýgularyny mahrum etdi.
IŇ KÖP MEDALY ABŞ GAZANDY
Olimpiýa oýunlarynda 339 medal toplumy üçin dünýäniň ençeme ýurdundan gelen türgenler özara bäsleşdiler. Medallaryň sanawynda ABŞ öňdeligi eýeledi, amerikaly türgenler 39 altyn, 41 kümüş hem-de 33 bürünç medal gazandy. Soňky ýyllarda sportuň ähli ugurlarynda ýokary netije görkezýän Hytaýyň türgenleri bolsa ikinji orny eýeläp, 38 altyn, 32 kümüş we 18 bürünç medal gazanmagy başardy. Ýer eýeleri Ýaponiýanyň türgenleri hem öz meýdançalarynda geçirilmegiň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, 27 altyn, 14 kümüş we 17 bürünç medal bilen 3-nji orny eýeledi.
GARAŞYLMADYK NETIJELER WE GAZANYLAN ULY ÜSTÜNLIKLER
Bu Olimpiýa oýunlarynda garaşylmadyk netijeler gazanyldy. Suwda ýüzmekde tünisli türgen Ahmed Hafnauiniň altyn medal gazanmagy, naýza zyňmakda hindi türgeni Çopranyň altyn medala eýe bolmagy we beýlekiler ýatda galyjy wakalar boldy.
Ýapon türgenleri ýer eýeleri hökmünde medallaryň sanawynda ozalky görkezijileri 2 esse gowulandyrdy. Bu ýerde dzýudo sportunda doganlar Hifume we Uta Abeleriň ýarym sagat aratapawut bilen öz çykyş edýän agramlarynda olimpiýa çempiony bolmagy haýram galdyrdy.

OLIMPIÝA OÝUNLARYNYŇ BAÝDAGY FRANSIÝA BERILDI
Şeýle köp sanly gyzykly wakalar bilen tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlandy. Indiki Olimpiýa oýunlary ýene-de 3 ýyldan 2024-nji ýylda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriler.
Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda Halkara Olimpiýa komitetiniň başlygy Tomas Bah Olimpiýa oýunlarynyň baýdagyny Fransiýanyň Pariž şäheriniň häkimi Ann Idalgo gowşurdy.
Parižde Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylda 26-njy iýul-11-nji awgust aralygynda geçiriler.
Merkezi Aziýanyň Prezidentleri dostluk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekerler