TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Tokio Olimpiýa oýunlary geçiriler

Täze görnüşli koronawirus sebäpli bir ýyl yza süýşürilen Tokio Olimpiýa oýunlarynyň “koronawirus bolsun, bolmasyn”geçiriljekdigi mälim edildi. Bu barada Halkara Olimpiýa komitetiniň wise-başlygy Jon Kouts habar berdi.

Halkara Olimpiýa komitetiniň ygtyýarly wekili oýunlaryň 2021-nji ýylyň 23-nji iýulynda başlajakdygyny aýtdy.

Aslynda olimpiada şu ýyl geçirilmelidi. Emma pandemiýa sebäpli yza süýşürildi. Ozal hem habar berlişi ýaly, Olimpiýa oýunlarynyň täzeden yza süýşürilmegi göz öňünde tutulmaýar.

Olimpiýa oýunlaryna dünýäniň dürli ýurtlaryndan 11 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Oýunlaryň nähili geçiriljekdigi, tomaşaçy kabul edilip-edilmejekdigi barada entek doly maglumat berilmedi.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Halkara sport ýaryşlaryna gatnaşýan türgenler üçin özbaşdak okuw meýilnamasy

Türkmen türgenleri Özbegistandaky çempionata gatnaşar

Teswirle