Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň we Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Tokio şäher häkimligine amala aşyran sapary iki ýurduň arasyndaлн ylym-bilim pudagyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm waka boldy.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagtynyň ylym-bilim pudagyndaky işleri bilen tanyşdy we bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.
Şeýle-de, türkmen tarapy Tokio häkimliginiň wekillerini Türkmenistanda geçiriljek Arkadag atly “akylly şäheriň” açylyş dabarasyna çagyrdy. Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň esasy düzüm birlikleriniň biri bolan bu taslama raýatlaryň durmuşynyň ähli ugurlarynda ösen tehnologiýalary ulanmagy öz içine alýar.