TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Tokio-2020: žurnalistler iň köp pissa iýýärler

Tokioda dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda daşary ýurtly žurnalistleriň aglabasy köpräk pissa hem-de burger iýýärler. Žurnalistleriň her gün 300 pissa hem-de burger iýýändiklerini mälim edildi. Bu barada Russiýanyň “TASS” habarlar gullugyna metbugat merkeziniň dolandyryjysy habar berdi.

– Metbugat merkezi gije-gündiz işleýär. Oýunlaryň dowamynda 24 sagat iş alnyp barylýar. Her gün pissadan we burgerden 300 sanysy iýilýär – diýip belledi.

Ol metbugat gullugynyň garbanyşhanasynyň “Amerika” bölüminiň has meşhurdygyny belledi.

Sport desgalarynyň hem tagamlary biri-birinden tapawutly däl. Ol ýerde çalt taýýarlanýan unaş, giwrulan ýeralma, murepbeli çörek, şokolad we banan bar.

Käbir desgalarda şeýle tagamlar töleglidir. Gyzgyn içgiler ähli desgalar mugt beirlýär.

BMG Türkmenistanyň ulag başlangyjyny goldady

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy. 

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle