“Tokio 2020” guramaçylyk komitetine täze ýolbaşçy bellendi

Ýaponiýada geçiriljek “Tokio 2020” Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk işlerine 56 ýaşyndaky Seýko Haşimoto ýolbaşçylyk eder diýip, “TASS” habar gullugy habar berýär. Degişli karar guramanyň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde kabul edilipdir.

“Guramaçylyk komitetiniň başlygy hökmünde Tokioda oýunlary geçirmek üçin elimden gelenini ederin” mejlisde bu jogapkärli wezipä bellenilden soňra Haşimoto şeýle nygtap geçipdir.

Haşimoto buzda typmak sportunyň türgeni hasaplanylýar. Ýedi gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy, 1992-nji ýylda geçirilen ýaryşda bürünç medalynyň eýesi bolup durýar.

2008-2009-njy ýyllar aralygy Daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinde işläpdir. 2019-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Ýaponiýanyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň ministri wezipesinde işläp gelipdir.

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym