SPORT

Tokio-2020: 6-njy gezek Olimpiýa çempiony boldy

Ýaponiýanyň paýtagtyTokio şäherinde tomusky Olimpiýa oýunlary dowam edýär. Russiýanyň türgenleri sinhronly suwda ýüzmek ýaryşynda ýene-de altyn medal gazandylar. Umuman, häzirlikçe sportuň bu görnüşinde jübütleýin sinhronly suwda ýüzmekde Swetlana Romaşina hem-de Swetlana Kolesniçenko taý tapylanok. Olar eýýäm köp ýyllardan bäri bu ugurda birinjiligi eýeläp gelýär.
Tokio Olimpiýa oýunlarynda hem bu iki rus türgeni altyn medalyň eýesi boldy.  Swetlana Romaşina sportuň bu görnüşi boýunça 6-njy gezek Olimpiýa çempiony bolen ýeke-täk türgendir.
Bu rus türgenleri dürli sport ýaryşlarynda 67-nji gezek ýeňiş gazanýarlar. Olar bilelikde 2013-nji ýylda Kazanda geçirilen Uniwersiada oýunlaryndan bäri çykyş edip gelýär.
31 ýaşly Romaşina dünýäniň meşhur sinhronly ýüzüji boldy. Karýerasynda alty sany Olimpiýa altyn medaly, 21 gezek dünýä hem-de 13 gezek Ýewropa çempiony boldy.
27 ýaşly Kolesniçenko iki gezek Olimpiýa çempiony boldy. Şeýle hem 16 gezek dünýä çempiony we 11 gezek Ýewropa çempiony bolmagy başardy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/yb-nace-mukdarda-dondurma-ondurdi/

Ýene-de okaň

Ronaldo iň köp girdeji gazanýan türgen

Türkmenistanly samboçylar Belarusda 13 medal gazandylar

Ýurdumyzyň samboçylary Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky ýaryşyň ilkinji gününde alty medal gazandylar

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy halkara ýaryşda birinji ýeňşini gazandy

Türkmenistanly küştçi Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda ýeňiji boldy

“Real” myhmançylykda “Mançester Sitini” ýeňdi