TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Tokaýlar – tebigatyň gözelligi

Tokaý — agaçlar we ösümlikler ösüp oturan, agaçlaryň arasy toprak bilen örtülen, gyrymsy agaçlardan, otlardan, paporotniklerden, kömeleklerden we ş.m. emele gelýän belli bir derejededäki giňişlikdir.

Tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan tokaýlaryň ýaşyl dünýäsi asman giňişliklerini arassalaýjy janly fabrige, zemin guşaklyklarynyň iň mukaddes gözellikleriniň kerwenbaşysyna meňzedilýär. Ekologiýa ylmynda iň az meýdany 0,5 gektary düzýän, iň az giňligi 3 metre barabar bolan dürli ýaşdaky, inlilikdäki, göwrümdäki, agyrlykdaky agaçlaryň, gyrymsy ösümlikleriň toplumlaýyn örtügini özünde jemleýän biologik dürlüligiň we tebigy gurşawyň düzüm birlikleriniň jemi tokaý çäkleri hökmünde kabul edilýär.

Ösümlikler adam iýmitiniň 85 göterimini üpjün edýär. Haýwanat dünýäsiniň dürli görnüşleriniň 80 göterimi tokaýlarda ýaşaýar, olardan gündelik peýdalanýar. Dünýäniň häzirki zaman ösüşinde Zeminiň «ýaşyl altyny» hasaplanylýan tokaýlaryň çäklerinden alynýan önümleriň görnüşi 12 müňe golaýlaýar.

Hünärmenler tokaýlary goramagyň howanyň üýtgemegine garşy göreşde iň amatly usullaryndan biridigini öňe sürýärler. Tokaýlar ýylda 2 milliard tonna kömürturşy gazyny özüne siňdirýär. Tokaýlar bilen baglanyşykly howanyň üýtgemegine garşy göreş çäreleri durmuşa geçirilse, bu atmosfera goýberilýän zyýanly zyňyndylary ep-esli azaldar we global ýylylygy iki dereje selsiýada saklar. Mundan başga-da, tokaý gaýtadan dikeldilýän energiýanyň 40 göterimini üpjün edýändigi sebäpli, gazylyp alynýan serişdeleriň sarp edilişini azaldyp biler.

Tokaýy goramak pudagynda soňky ýyllarda möhüm ösüşler gazanyldy. Has gowy dolandyryş we arryklan ýerleri dikeltmek boýunça çäreler tokaýlaryň çapylmagyny 50 göterim haýallatdy, tokaýlaryň ýok edilmegini bes etmek indi berjaý edip bolmaýan mesele däl ýaly bolup görünýär. BMG tokaýlar üçin strategiki meýilnama işläp düzdi, esasan hem, 2030-njy ýyla çenli tokaý meýdanyny 3 göterim ýokarlandyrmagy göz öňünde tutup, ol 120 million gektara deňdir.

BMG tokaýlaryň artdyrylmagyna aýratyn üns berýär. Ilkinji gezek 1992-nji ýylda Braziliýada geçirilen sammitde tokaý meselesi halkara gün tertibine girizildi. Soňra tokaýlary gorap saklamak boýunça bilelikdäki çäreleri göz öňünde tutýan esasy resminamalar kabul edildi. 2000-nji ýylda BMG-niň tokaýlar boýunça forumy döredilip, guramanyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda her ýylda ýygnanýarlar.

Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Watanymyzda döwlet ekologiýa syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaşaýyş abadançylygy üçin bitewi milli ekoulgamy döretmek, tokaý gaznasynyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, tokaýçylyk ýer gaznasynyň peýdalanylyşynyň gerimini giňeltmek, howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli berjaý etmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň tokaý gaznasynyň ýerleri dag eteklerindäki, derýa ýakalaryndaky hem-de sähra giňişliklerindäki tebigy we emeli usullarda köpeldilýän tokaýlyklara bölünýär. Emeli tokaý zolaklarynyň çäklerini giňeltmek işleri yzygiderli häsiýete eýedir. Türkmenistan yklymyň ýurtlarynyň arasynda tokaý gaznasyndaky ekinleriň köpgörnüşliligini artdyrmak, öňdebaryjy ekologiýa medeniýeti boýunça halkara tejribeleri öwrenmek, wagyz etmek, tokaý hojalyklarynyň sanyny köpeltmek, bagçylyk, tokaýçylyk çäreleri boýunça ylmy-barlag we guramaçylyk işlerini kämilleşdirmek we bu umumymilli jemgyýetçilik işlerine ilaty işjeň gatnaşmaga çekmek boýunça ilkinjileriň hatarynda durýar.

Hurma Salyhowa, TOHU-nyn talyby.

 

 

Täze kesel – maýmyn mama

 

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle