TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Tokaýew Pekindäki Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hytaýyň Pekin şäherinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Bu barada ýurduň Prezidentiniň metbugat sekretary Berik Uali habar berdi.

Onuň bellemegine görä, 4-5-nji fewralda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Pekinde iş saparynda bolar. Tokaýew saparynyň barşynda XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

– Şeýle hem saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Gazagystanyň Prezidentiniň Hytaýyň ýolbaşçysy bilen gepleşikleri göz öňünde tutulandyr – diýlip, metbugat sekretary “Facebook” jemgyýetçilik torunda habar berýär.

Tokaýewiň Hytaýa sapary 2022-nji ýyldaky ilkinji daşary ýurt sapary bolar.

 

“Metaverse” geljegiň iş durmuşyny üýtgeder

Ýene-de okaň

Ärdogan bilen Miller tebigy gaz merkezini döretmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri sylaglandy

6 döwlet Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Teswirle