TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Tokaýew kasam kabul etdi

Golaýda Gazagystanda geçirilen wagtyndan öň prezident saýlawlaryna ýeňiş gazanan Kasym-Žomart Tokaýew kasam kabul edip, resmi taýdan wezipesine girişdi.

Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Garaşsyzlyk köşgünde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň resmi taýdan wezipesine girişmek dabarasy geçirildi.

Garaşsyzlyk köşgüne Gazagystan Respublikasynyň döwlet baýdagy, Prezidentiň ştandarty, Gazagystanyň Konstitusiýa getirildi.

Gazagystanyň saýlanan Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Konstitusiýanyň 42-nji maddasyna laýyklykda, kasam kabul etdi.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Nurlan Abdirow Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň şahadatnamasyny gowşurdy.

Dabaraly çärä Gazagystanyň birinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew hem gatnaşdy.

“Gazagystan milli bähbitleri goramaga gönükdirilen deňagramly, konstruktiw daşary syýasaty durmuşa geçirmegi dowam etdirer. Esasy üns goňşy döwletler – Russiýa, Hytaý we Merkezi Aziýanyň dogan ýurtlary hem-de beýleki döwletler bilen özara peýdaly we strategiki hyzmatdaşlyga gönükdiriler”diýip, Tokaýew resmi taýdan wezipesine girişmek dabarasynda belläp geçdi.

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Tokaýewiň özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa amala aşyrjakdygyny belledi.

69 ýaşyndaky Tokaýew 20-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda 81,31 göterim ses alyp, prezident wezipesine gaýtadan saýlanypdy. Ol 2019-njy ýylda ýurduň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew wezipesini meýletin tabşyrmagy bilen prezident wezipesine saýlanypdy.

2022-nji ýylda Gazagystanyň Konstitusiýasyna üýtgeşikler we goşmaa girizildi we şoňa laýyklykda ýurduň prezidenti 7 ýyllyk möhlete 1 gezek saýlanyp bilýär. Mundan ozal, 5 ýyllyk möhlete 2 gezek saýlanyp bilýärdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Halkara guramalar Arkadag şäherine gyzyklanma bildirýär

Baş Redaktor

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle