Şu gün Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti geçirildi. Sammitiň jemleri boýunça Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň prezidenti wezipesine saýlandy we Araly halas etmegiň halkara gaznasyna öňümizdäki 3 ýylyň dowamynda başlyklyk etmek Gazagystana geçdi. Bu barada Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy Sulton Rahimzoda habar berdi.
– Sammite gatnaşyjy döwlet Baştutanlarynyň kabul eden çözgüdine laýyklykda, Gazagystanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň prezidenti wezipesine 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 3 ýyllyk möhlet bilen sdaýlandy. Şeýlelikde, gazna başlyklyk etmek 3 ýyllygyna Gazagystana geçdi – diýip, Rahimzoda belläp geçdi.
Araly halas etmegiň halkara gaznasy 1993-nji ýylda Aral deňziniň sebitiniň ekologik ýagdaýynyň erbetleşmeginiň netijesinde döredildi. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň maglumatyna görä, deňziň guramagy 50 million adamyň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirdi.
Soňky birnäçe ýylda Aral deňziniň guran ýerlerinde 1.7 million gektar meýdanda tokaý zolaklary döredildi. Geljek 2 ýylda “ýaşyl” zolaklaryň gerimini ýene-de 400 müň gektar artdyrmak meýilleşdirilýär.
Aral deňziniň sebitindäki bioköpdürlüligi saklap galmak üçin 3.5 million gektarda tebigy seýilgähler, we goraghanalar döredildi. Aral deňzi sebitinde goralýan tebigy meýdanlaryň umumy meýdany 4.6 million gektara barabar boldy.