TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Tokaýew 26-njy noýabrda kasam kabul eder

20-njy noýabrda geçirilen wagtyndna öň prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanan Gazagystanyň häzirki Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şu ýylyň 26-njy noýabrynda kasam kabul edip, täzeden prezident ygtyýarlyklarynyň täze döwrüne gadam basar.

Gazagystanyň Merkezi saýlaw toparynyň agzalary 2022-nji ýylyň 20-njy noýabryndaky wagtyndan öň geçirilen prezident saýlawlarynyň jemlerini jemlemek boýunça taýýarlanan kararnamany biragyzdan kabul etdiler.

Merkezi Saýlaw toparyndan berlen beýanata görä, Merkezi saýlaw topary halk tarapyndan saýlanan Kasym-Žomart Kemeluly Tokaýewi Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hökmünde hasaba alyp, kanunçylykda kesgitlenen tertipde degişli şahadatnamasyny gowşurdy. Saýlanan Prezidentiň kasam kabul ediş dabarasyny bolsa, 2022-nji ýylyň 26-njy noýabrynda geçirmek bellenildi.

Kasym-Žomart Tokaýew 6 million 456 müň 393 saýlawçynyň sesini alyp, sesleriň umumylykda 81,31 göterimini eýeläp, ýurduň prezident wezipesine gaýtadan saýlandy.

Şeýlelikde, Gazagystanda prezident ygtyýarlyklarynyň 7 ýyllyk döwrüne gadam basyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Moskwada saparda bolar

Teswirle