TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

TmKontakt: Biznesiň Onlaýn Maglumat Programmasy

Ýadyňyzda bolsa düýn (06.08.2020) “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “Ata Watan Imo” (+993 65 80 24 70) hasabynda TmKontakt adyndaky täze aplikasiýanyň (mobil goşundy-priloženiýa)  Google Plaý dükanyndaky linkini paýlaşypdyk.  Bu aplikasiýa Google Plaý dükanyna 2020-nji ýylyň 5-nji awgustynda goşuldy. Täze aplikasiýa  bolan gyzyklanmalary hasaba alyp bu programmany esaslandyryjylar bilen www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynyň okyjylary üçin  söhbetdeş bolduk.

Ilki bilen TmKontakt barada aýdyp beräýseňiz?

TmKontakt – bu Türkmenistanda haryt satýan we hyzmat berýan kompaniýalaryň onlaýn  maglumatnamasydyr. TmKontaktda ähli kompaniýalar ýerleşýän ýerlerine görä  (Aşgabat şäheri we welaýatlar) ýerleşdirilendir. Goşulan kompaniýalaryň sanawy yzygiderli ýagdaýda köpelýändigi sebäpli biz “ady boýunça gözleg” we “edýän işlerine göra gözleg” ýaly  filtrlemek funksiýalaryny goşduk. Ulanyjylar şeýle hem  iň köp ulanýan kompaniýalaryny Saýlananlar sanawyna goşup bilerler, ýagny bu bölümiň kömegi bilen iň köp habarlaşýan kompaniýalarynyň özleri üçin aýratyn sanawyny düzüp bilerler.

TmKontakt aplikasiýasy haýsy dillerde elýeterli?

TmKontakt türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterli. Ähli kompaniýalaryň atlary hem 3 dilde saklanýar. Ulanyjylar kompaniýanyň ady boýunça gözleg edenlerinde 3 dil boýunça hem gözleg edýär. Meselem interfeýs rus dilinde wagty kompaniýanyň adyny türkmen dilinde gözletsede bu kompaniýa sanawda bar bolsa  tapylar.

Aplikasyýany indirmek üçin surata basyň

TmKontakt aplikasiýasyny  döretmegiň esasy maksady näme?

Biziň hemmämiz telefonlarymyzda gerekli telefonlary saklaýarys. Emma käwagt meselem dermanhanalaryň telefon belgileri gerek bolýar. Şol ýagdaýda biz olaryň hemmesini telefonymyza bir-birden girizmän, olary kompýuterde Word ýa-da Excel programmalaryna meňzeş ýerlerde aýra sanaw edip saklaýarys. Emma kompýuter biziň ýanymyzda hemişe ýok. Hawa bu wagt Word ýa-da Excel telefona hem gurup bileris, emma kiçijik ekranda maglumat gözlemek gaty amatsyz gelýär. Şol sebäpden biz bu pikri aplikasiýa  hökmünde edip çykarmana karara geldik. Goý adamlar gerekli telefon belgilerini amatly aplikasiýanyň  üsti bilen gözläp tapyp bilsinler.

TmKontakt aplikasiýasynyň nädip ulanmaly?

TmKontakt aplikasiýasyny  Play Marketden indirip alanyňyzdan soňra, ulanyjylar ýerleşýän nokatlara göra (Aşgabat ş. we  welaýatlar) sanaw görüner. Bu ýerde haýsy nokat gerek bolsa, şonun üstündäki Indirmek düwmesine basmaly. Ondan soňra saýlanan nokada degişli maglumatlar indiriler. Mundan soňra internedi öçürüp (offline) aplikasiýasyny  ulanyp hem bolýar. Emma biz iň bolmanda hepde-de 1 gezek Indirmek düwmäni (täzelemek-update) basmagy maslahat berýäris. Şu ýagdaýda ulanyjylarymyz täze goşulan telefon belgileri alyp hemişe in soňky maglumatlardan habarly bolarlar. Aplikasiýasynyň artykmaçlyklaryndan biri, offlaýn işlemegidir, sebäbi internete elmydama girmek mümkinçiligi bolman biler. Bu aýratynlyk, katalogy beýleki şuňa meňzeş onlaýn aplikasiýalardan tapawutlandyrýar.

TmKontakt aplikasiýasynyň başga näme tapawudy bar?

TmKontakt aplikasiýanyň  iň esasy aýratynlygy ýokaryda hem aýdyşymyz ýaly  bu onuň offlaýn tertipde işlemegi. Ondan soňra bolsa onuň ulanmaga amatlydygy belläp geçip bolýar.

Kompaniýalar TmKontakt aplikasiýalaryna maglumat goşup bilýärlermi?

Hawa islendik kompaniýa biz bilen e-poçta  arkaly (info@tmkontakt.com)  habarlaşyp maglumatlaryny ugradyp bilerler. Bellemeli zat, maglumatlar goşmak tölegsiz esasda amala aşyrylýar.  Kompaniýalar: jübi telefony,  – iş telefony, öý telefony, faks, web sahypasy, E-poçta, Google Map koordinatlary ýaly maglumatlar goşup biler.  Häzirki ýagdaýda biz IOS ulanýan ulanyjylarymyz üçin hem mobil goşundy taýýarlaýarys. Android ulanyjylarymyz üçin bolsa täze wersiýanyň üstünde işläp, onda täze funksiýalar goşmakçy.

Aplikasiýany indirmek üçin  TmKontakt

Ýene-de okaň

Eýranyň paýtagtynda «IAPEX-2022» halkara awtoulag sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi gurlar

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi gurlar

Teswirle