TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

TMCELL-den örtük dakynmak habarnamasy

Şu günler ýurdumyzda tomus paslynyň dowam edýän döwründe dürli howa şertleri emele gelýär. Daşky gurşawyň ýaramaz täsirleriniň adam bedenine ýetirýän täsiriniň öňüni almak üçin ýurdumyzda agyz-burun örtüklerini dakynmak maslahat berilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ilatymyzyň saglygyny goramak maksady bilen dürli wagyz-nesihat çärelerini gurnaýar. Ilat arasynda saglyk durmuş ýörelgeleri giňden wagyz edilýär.

Bu işde ýurdumyzyň aragatnaşyk kompaniýalarynyň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. Şu gün “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk operatory (TMСELL) arkaly bu operatoryň müşderilerine hem agyz-burun örtükleri dakynmagy maslahat berilýän habarnama  ugradyldy.

Şol habarnamada şeýle diýilýär: – Howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen lukmançylyk  agyz-burun örtüklerini ulanmak maslahat berilýär. TSG we DSM.

Ýene-de okaň

Oktýabr aýy: Türkmenistan-Türkiýe aralygynda 30 uçar gatnawy

Stambulda Biometrik pasportlaryň möhletiniň uzadylmagy dowam edýärmi?

Baş Redaktor

Lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Teswirle