TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

TMCELL-de täzelik: wideo jaň

Türkmenistanyň mobil aragatnaşyk operatory bolan «Altyn asyr» öz hyzmatlarynyň hataryna wideo jaňlary hem goşdy. Bu barada TMCELL resmi saýtynda hem habar berdi.

Wideo jaňdan peýdalanmak üçin jaňy çagyran we çagyrylýan adamlaryň ikisi hem 3G tizlikli Internetiň üznüksiz işleýän ýerinde bolmaly. Şeýle hem telefonlaryň ikisi hem frontal kamera bilen üpjün edilen bolmaly.

Wideojaňlar konferensiýalar (köpçülik bolup jaňlaşmak) üçin mümkin däldir.

Wideojaňa baglanyş bahasy 20 teňňe. «Altyn asyryň» bu hyzmatyna *0809*3*1# USSD kodunyň üsti bilen birikdirip, ony *0809*3*0# kody bilen öçürip bolýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen gelmäge çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlady

Teswirle