Türkmenistanda täjirçiligiň ýokary depgin bilen ösüşi, halkara söwda integrasiýasynyň tizlenmegi terjimeçilik ulgamyna hem täsir edýär. Türkmen dilinden türk, iňlis we rus dillerine terjimeler, şeýle hem bu dilleriň öz ara terjimeleri has giňden ýaýrandyr. Esasan hem täjirçilik we hukuk resminamalaryň terjime işi çynlakaý çemeleşmäni talap edýär. Diňe şol dili bilmek ýeterlik bolman, eýsem, hukuk we täjirçilik pudagyna degişli amallary bilmek, terjimeleriň hiline oňyn täsirini ýetirýär. Täze döredilen Makul Hyzmat Terjime merkezi, aýratynam täjirçilik we hukuk resminamalaryň terjimesi boýunça adygyp başlady.
Konsullyk tarapyndan tassyklanýan terjime
Bu ugurdaky hünärmen işgärler topary bilen hyzmat edýän Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň eden terjimeleri degişli Konsullyklar tarapyndan hem kabul edilýär.
"Ata Watan Türkmenistanyň" terjimesi Makul Hyzmata ynanylýar.
Täze döredilendigine garamazdan birnäçe täjirçilik kärhanalarynyň terjime işlerini ýerine ýetirýän Makul Hyzmatyň işgärler topary Ata Watan Türkmenistan Halkara Žurnalynyň terjime işlerini hem amala aşyrýar. Ilkibaşda türkçe-türkmençe, soňraky döwür bolsa, türkmençe-iňlisçe neşir edilen 100.000-den artyk nusgasy dünýä möçberinde paýlanan Ata Watan Türkmenistan halkara Žurnalynyň ähli terjimeleri Makul Hyzmat Terjime merkeziniň işgärleri tarapyndan amala aşyryldy.
Aýlyk töleg ulgamy
Makul Hyzmat terjime merkezi kärhanalar bilen şertnama esasynda işleşip, terjime hyzmaty üçin tölegleri her aýyň ahyrynda bank hasabyna geçirmek arkaly hem tölemek mümkinçiligini döredýär.
Onlaýn terjime hyzmaty
Makul Hyzmat terjime merkezi terjime işi, täjirçilik resminamalaryň terjimesi, hukuk resminamalaryň we şertnamalaryň terjimesinden ybarat bolmak bilen hyzmatdaşlaryna onlaýn terjime hyzmatyny hem hödürleýär. Terjime edilmeli resminamalaryňyzy word görnüşinde ýa-da skan edip, makulhyzmat@gmail.com salgysyndan Makul Hyzmat Terjime Merkezine ugradyp bilersiňiz.
Pasport, diplom, nika haynda şahadatnamanyň terjimesi
Aýratynam, Türkiýede bilim alýan, işleýän, ýaşaýan türkmen raýatlary, ýa-da Türkmenistanda ýaşaýan türk raýatlary, pasport, diplom, nika şahadatnamasy we wiza hem-de iş rugsatnamasy üçin ýüz tutma resminamalaryňyzyň terjimesi boýunça Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Bu görnüşdäki terjime işleriňiz üçin terjime merkezine ikilenç gelmegiňize zerurlyk ýok. Siz makulhyzmat@gmail.com salgysyna ýa-da http://line.me/ti/p/%40wns1405j Line hasabyna terjime edilmeli resminamalaryňyzy ugradyp, terjime etdirip bilersiňiz. Terjime taýýar bolanda Size habar beriler we Siz Terjime merkezine baryp, terjimäňizi alyp bilersiňiz.
4 dilde terjime
Makul Hyzmat Terjime Merkezi häzirki wagtda türkmen, türk, iňlis we rus dilleri boýunça hyzmat berýär. Makul Hyzmat Terjime Merkezi ähli zady we her dilde terjime hyzmatlaryny amala aşyrýan merkez bolman, eýsem, diňe belli dilde we belli ugurda kämilleşmegi özüne maksat edinýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlarymyz:
E-poçta: makulhyzmat@gmail.com
Telefon : +993 63 78 96 73
Salgy : 70 Andalyp, Office 410 B. Ashgabat-Turkmenistan.
Resmi Line Hasaby:
http://line.me/ti/p/%40wns1405j
Resmi Line ID : @wnc1405j
WEB: www.makulhyzmat.com
Çeşme: Ata Watan Türkmenistan Habarlar Agentligi (ATHA)