Täjirçilik we hukuk resminamalarynyň terjimesinde Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň orny

Türkmenistanda täjirçiligiň ýokary depgin bilen ösüşi, halkara söwda  integrasiýasynyň tizlenmegi  terjimeçilik ulgamyna hem täsir edýär. Türkmen dilinden türk, iňlis we rus dillerine  terjimeler, şeýle hem bu dilleriň öz ara terjimeleri has giňden ýaýrandyr. Esasan hem täjirçilik we hukuk resminamalaryň terjime işi çynlakaý çemeleşmäni talap edýär. Diňe şol dili bilmek ýeterlik bolman, eýsem, hukuk we täjirçilik pudagyna degişli amallary bilmek, terjimeleriň hiline oňyn täsirini ýetirýär. Täze döredilen Makul Hyzmat Terjime merkezi, aýratynam täjirçilik we hukuk resminamalaryň terjimesi boýunça adygyp başlady.

Konsullyk tarapyndan tassyklanýan terjime

Bu ugurdaky hünärmen işgärler topary bilen hyzmat edýän Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň eden terjimeleri degişli Konsullyklar tarapyndan hem kabul edilýär.

"Ata Watan Türkmenistanyň" terjimesi Makul Hyzmata ynanylar.

Täze döredilendigine garamazdan  birnäçe täjirçilik kärhanalarynyň terjime işlerini ýerine ýetirýän Makul Hyzmatyň işgärler topary Ata Watan Türkmenistan Halkara Žurnalynyň terjime işlerini hem amala aşyrýar. Ilkibaşda türkçe-türkmençe, soňraky döwür bolsa, türkmençe-iňlisçe neşir edilen 100.000-den artyk nusgasy dünýä möçberinde paýlanan Ata Watan Türkmenistan halkara Žurnalynyň ähli terjimeleri Makul Hyzmat Terjime merkeziniň işgärleri tarapyndan amala aşyryldy.

Aýlyk töleg ulgamy

Makul Hyzmat terjime merkezi kärhanalar bilen şertnama esasynda işleşip, terjime hyzmaty üçin tölegleri her aýyň ahyrynda bank hasabyna geçirmek arkaly hem tölemek mümkinçiligini döredýär.

Onlaýn terjime hyzmaty

Makul Hyzmat terjime merkezi terjime işi, täjirçilik resminamalaryň terjimesi, hukuk resminamalaryň we şertnamalaryň terjimesinden ybarat bolmak bilen hyzmatdaşlaryna onlaýn terjime hyzmatyny hem hödürleýär. Terjime edilmeli resminamalaryňyzy word görnüşinde ýa-da skan edip, makulhyzmat@gmail.com  salgysyndan Makul Hyzmat Terjime Merkezine ugradyp bilersiňiz.

Pasport, diplom, nika hakynda şahadatnamanyň terjimesi

Aýratynam, Türkiýede bilim alýan, işleýän, ýaşaýan türkmen raýatlary, ýa-da Türkmenistanda ýaşaýan türk raýatlary, pasport, diplom, nika şahadatnamasy we wiza hem-de iş rugsatnamasy üçin ýüz tutma resminamalaryňyzyň terjimesi boýunça Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Bu görnüşdäki terjime işleriňiz üçin terjime merkezine ikilenç gelmegiňize zerurlyk ýok. Siz makulhyzmat@gmail.com

 salgysyna ýa-da http://line.me/ti/p/%40wns1405j Line hasabyna terjime edilmeli resminamalaryňyzy ugradyp, terjime etdirip bilersiňiz. Terjime taýýar bolanda Size habar beriler we Siz  Terjime merkezine baryp, terjimäňizi alyp bilersiňiz.

4 dilde terjime

Makul Hyzmat Terjime Merkezi häzirki wagtda türkmen, türk, iňlis we rus dilleri boýunça hyzmat berýär. Makul Hyzmat Terjime Merkezi ähli zady we her dilde terjime hyzmatlaryny amala aşyrýan merkez bolman, eýsem, diňe belli dilde we belli ugurda kämilleşmegi özüne maksat edinýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlarymyz:

 

E-poçta: makulhyzmat@gmail.com

Telefon   : +993 63 78 96 73

Salgy : 70 Andalyp, Office 410 B. Ashgabat-Turkmenistan.

 

Resmi Line Hasaby:

 http://line.me/ti/p/%40wns1405j

 

Resmi Line ID : @wnc1405j

 

WEB: www.makulhyzmat.com

 

Çeşme: Ata Watan Türkmenistan Habarlar Agentligi (ATHA)

 

ÝENE-DE OKAŇ

Kubaly türgen Mihain Lopes Nunýes 4-nji gezek Olimpiýa çempiony boldy. Grek-rim göreşi boýunça ökde türgen Mihain Lopes bu ugurda russýaly türgen Aleksandr Kareliniň rekordyny täzeledi. Karelinde 3 altyn medal bar. Kubaly göreşçi Lopes Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 130 kilogram agramda çykyş edip, final tutluşygynda gruziýaly türgen Ýakob Kajaýyny ýeňip, özüniň 4-nji Olimpiýa çempionlygyny, ýurdunyň bolsa bu oýunlardaky 2-nji altyn medalyny gazandy. Bu...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama seredilendigi barada hasabat berdi. 48...
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulag-logistika ylmy merkezi 2021-2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça okuwa KABUL EDÝÄR Kompýuter sowatlylygy: I dereje (Microsoft Office programmalary) — 3 aý; II dereje (Adobe Photoshop, GorelDRAW) — 3 aý; III dereje (AutoCAD) — 3 aý; IV dereje (Programmirleme) — 3 aý. Rus dili: başlangyç dereje — 4 aý; orta dereje — 4 aý. Iňlis dili: başlangyç dereje...
Şu ýylyň 23-nji oýulynda badalga alan tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň ýeňil atletika ugry boýunça ýaryşlar dowam edýär. Bu ýerde ylgamak, uzak aralyga bökmek, ýokarlygyna bökmek, syrykly bökmek, disK zyňmak ýaly ugurlarda ýaryşlar geçirilip, täze rekordlar gazanylýar. NORWEGIÝALY TÜRGENDEN DÜNÝÄ REKORDY Norwegiýanyň türgeni Karsten Warholm 400 metr aralygy päsgelçilikli bökmek ýaryşynda altyn medal gazanyp, dünýä rekordyny goýdy. Ol bu aralygy 45,94 sekuntda geçmegi...
Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň barşynda S.Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýokary döwlet derejesindäki ygtybarly syýasy gepleşikler esasynda ilerledilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň, hususan-da, söwda-ykdysady pudagynyň häzirki...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
859FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar