MEDENIÝET

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Oskarly aktrisa Keýt Uinslet bu gezek režissýorlyk eder. Ol özüniň ilkinji filmini “Netflix” platformasy üçin düşürer.

“Hoş gal Jun” atly çeper filmiň mazmuny gizlin saklanýar. Ýöne wakalaryň döwrebap Angliýada geçýändigi hem-de garaşylmadyk we çylşyrymly ýagdaýlardaky gyz we erkek doganlaryň durmuşy beýan edilýär.

“Titanik” filmi bilen uly meşhurlyga eýe bolan Keýt Uinslet täze filmiň diňe bir režissýory bolman, eýsem filmiň esasy gahrymanlarynyň biriniň keşbini hem janlandyrar. Filmde Toni Kollett, Jonni Flinn, andrea Raýzboro, Timoto Spoll we Helen Mirren dagylar çykyş eder.

Filmiň ssenariýasyny Keýt Uinsletiň ogly Jo Andsers ýazdy.

Ýene-de okaň

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy: Türkmenistanda «Gyz kasamy» çeper filmi surata düşürilýär

Türkmenistanda Milli bahar baýramy giňden belleniler

Dünýäde iň köp kitap okaýan döwletler

Türkmenistan Belarusdaky halkara kitap ýarmarkasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

«Galkynyş» topary Mary welaýatynda

Gurbantäç Alaýewa 103 ýaşynda